Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystanyň bilim ministri para almakda güman edilýär

Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy 28-nji sentýabr agşamy Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministri Almazbek Beýşenaliýewiň tussag edilendigini habar berdi. Onuň para alan pursadynda tussag edilendigi aýdylýar.


Içeri işler ministrliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Beýşenaliýew daşary ýurtly studentleriň ýurt içindäki ÝOJ-lara kabul edilende berýän aýratyn uly mukdardaky paralary boýunça geçirilen derňewiň çäginde tussag edildi. Bu ýerde 110 müň dollar mukdaryndaky para barada gürrüň edilýändigi aýdylýar.


Içeri işler ministrligi derňewiň netijeleri boýunça kazyýet işi bilen baglanyşykly maglumatlaryň ählisiniň aýan ediljekdigini aýtdy.


Almazbek Beýşenaliýew 2022-nji ýylyň fewral aýynda bilim ministri wezipesine bellendi.


Ol ozal Warşawadaky Wistula uniwersitetinde prorektor bolup işledi, ABŞ-da ýerleşýän Jon Hopkins uniwersitetinde mugallymçylyk etdi.


Iýun aýynda Gyrgyzystanda ýurduň saglyk ministri bolup işleýän Alymkadyr Beýşenaliýew tussag edildi. Onuň korrupsiýada güman edilýändigi aýdyldy. Emma soň kazyýet ony öý tussaglygynda boşatmak kararyna geldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus