Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Angliýa şa aýal Ýelizawetany soňky ýoluna ugradýar

Iňlis resmileri Londonyň Westminster zalynda şa aýal Ýelizaweta II bilen hoşlaşmak islän onlarça müň adama dört gün döredilen mümkinçilikden soň, Angliýany iň uzak wagt dolandyran monarhy soňky ýoluna ugratmaga, onlarça dünýä lideriniň we beýleki ýokary derejeli adamlaryň gatnaşmagynda guraljak döwlet jynazasyna taýýarlyk görülýän wagtynda, tabydyň köpçülik üçin ýapylandygyny yglan etdiler.


10 günlük milli ýas ýüz müňlerçe adamyň Londonyň takmynan 36 kilometre barabar çäkde haýat gurlan köçelerine çykmagy, dünýä ýüzünde millionlarça adamyň patyşa aýala soňky hormatyny bildirmegi bilen, onuň döwlet derejesinde jaýlanmagy bilen tamamlanar.


96 ýaşly Ýelizaweta 70 ýyllap patyşalyk edeninden soň, 8-nji sentýabrda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda aradan çykdy we onuň ogly Şa Çarlz III tagta geçdi.


Bu çäre Angliýanyň Ýelizawetanyň ýurt dolandyran döwründäki 15 premýer-ministriň ilkinjisi Winston Çerçil ýogalanda, 1965-nji ýylda gurnan döwlet jynazasyndan bäri geçirýän ilkinji döwlet jynazasy bolup durýar.


Westminster Abbide daşary ýurtlardan gelen 2000 töweregi abraýly adamyň we myhmanlaryň, şol sanda patyşa Çarlzyň, patyşalygyň beýleki agzalarynyň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýaly dünýä liderleriniň ýygnanmagyna garaşylýar.


Metropoliten polisiýasynyň kömekçi orunbasary Stýuart Kandi häzir britan paýtagtynyň taryhyndaky iň uly polisiýa çäreleriniň görülýändigini we bu işe 10 müň çemesi polisiýa ofiseriniň çekilendigini aýtdy.


Döwlet jynazasy London wagty bilen sagat 11-de (Praga wagty bilen 12:00) başlanýar.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus