ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we ýurduň birinji hanymy Jill 17-nji sentýabrda şa zenan Ýelizawetaň jaýlanyşyna gatnaşmak üçin Londona ugrady. Ak tam biraz öň 19-njy sentýabrda Westminster Abbide geçiriljek jaýlanyş çäresine patyşalygyň diňe Bidenleri çagyrandygyny, öňki prezidentleri çagyrmandygyny aýtdy.
Şa aýal 70 ýyllap patyşalyk edeninden soň, 8-nji sentýabrda aradan çykdy. Ol ABŞ-nyň birnäçe prezidenti, şol sanda Donald Tramp, Barak Obama we Jorj W. Buş bilen hem duşuşdy, Lindon Jonsondan başga, Amerikanyň soňky 14 prezidentiniň 13-si bilen görüşdi.
18-nji sentýabrda Angliýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bilen meýilleşdirilen duşuşyk goýbolsun edildi diýip, resmiler aýtdy.
Muňa derek olar indiki hepde BMG-niň Baş Assambleýasynda "doly ikitaraplaýyn duşuşyga" gatnaşar. Baýden bilen Trassyň Londondaky duşuşygynyň goýbolsun edilmeginiň sebäbi aýdylmady.