Hökümetçi “Salam News” prezident Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň mejlisinde söz sözläp, Türkmenistanyň bu gurama bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdandygyny türkmen metbugatyna salgylanyphabar berýär.
ŞHG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan türkmen prezidenti agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde geçirilýän mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň bu gurama bilen syýasatda, howpsuzlyk ulgamynda, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini kemala getirmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Şeýle-de, Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagynyň, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ilerledilmegi üçin amatly şertleri döretmegiň, energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara hereketleri dowam etdirmegiň, bu ugurlarda alnyp barylýan işlere we beýleki taslamalara Owganystanyň hem gatnaşmagyny gazanmagyň zerurlygyna ünsi çekdi.