10-njy sentýabrda Owganystanyň Paktia welaýatynda onlarça gyz “Talyban” resmileriniň ýerli mekdebi ýapmagyna garşy protest geçirdiler. Bu mekdepde sapaklar mundan birnäçe gün ozal täzeden ýola goýulypdy.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran paktialy ýaşaýjynyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtmagyna görä, welaýatyň paýtagty Gardize geçirilen protest, “Talybanyň” mekdebi ýapan gününde amala aşyrylypdyr.
Sosial ulgamlarda protestiň dowamynda düşürilen käbir wideolar hem ýerleşdirildi.
Mundan iki hepde ozal altynjy synpdan ýokarky okuwçylar üçin niýetlenen dört mekdep Gardizde we ýene biri Samkanide açylypdy. Ýerli häkimiýetler we ene-atalar bilen maslahatyň netijesinde açylan mekdep 10-njy sentýabrda “Talyban” tarapyndan ýapyldy.