Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşmeler: Türkiýeden deport edilen 100 töweregi türkmenistanly we başga-da 200 raýat ýurda getirildi

Türkmenistan Türkiýede galan raýatlarynyň ýene 300 sanysyny ýurda getirdi. Olardan 100 töweregi Türkiýeden deport edilen türkmenistanlylardyr. Uçarda gelen ýolagçylaryň ählisi karantine ýerleşdirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň halkara aeroportundaky ygtybarly çeşmeleri habar berdiler.


"7-nji sentýabrda irden "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Boeing 777 kysymly uçary Stambulyň aeroportundan Türkmenabada tarap ugrady. Şol uçarda 300 töweregi türkmen raýaty Türkmenistana alnyp gidildi. Şol ýolagçylardan 100 töweregi Türkiýeden deport edilen türkmen raýatlarydyr" diýip, Stambuldaky ygtybarly çeşmämiz 8-nji sentýabrda aýtdy.


Onuň sözlerine görä, Türkiýeden deport edilen türkmen raýatlary üç aý bäri Stambulyň Migrasiýa gullygynyň Daşary ýurtlular müdirliginiň deportasiýa lagerinde saklanýardy.




"Bu raýatlaryň soňky ykbaly belli däl" diýip, çeşmämiz belledi.


Türkmenabadyň halkara aeroportundaky ygtybarly çeşmämiz hem, gürrüňi edilýän uçaryň Lebaba gonandygyny tassyklap, uçarda gelen ýolagçylaryň ählisiniň üç gün karantine ýerleşdirilendigini aýtdy.


"Häzir olar Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Lebap karantin zonasynda saklanýar" diýip, çeşmämiz belledi.


Azatlyk bu raýatlaryň deport edilmeginiň sebäbini anyklamaga çalyşýar. Şeýle-de, redaksiýa olaryň türkmen häkimiýetleriniň haýyşy bilen deport edilendigini ýa edilmändigini hem öwrenmäge synanyşýar.


Azatlyk bu aýdylanlar barada Stambulyň Migrasiýa gullygynyň Daşary ýurtlular müdirliginden we Türkmenabadyň aeroportundan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 8-nji sentýabrda eden synanyşyklarynyň netijesi bolmady.


Stambuldaky türkmen aktiwistleriniň biri deport edilen türkmenistanlylar we olaryň deport edilmeginiň sebäpleri barada türk häkimiýetlerinden maglumat alyp bilmändiklerini aýtdy.


"Adatça türk häkimiýetleri raýatlara bu baradaky maglumatlary, olaryň näme sebäpden deport edilendigini aýtmaýarlar" diýip, türkmenistanly aktiwist aýtdy.




Bellesek bu waka, ​türkmen häkimiýetleriniň pandemiýa döwründe Türkiýede galan raýatlaryny köpçülikleýin ýagdaýda watanyna dolamagy göz öňünde tutýandygy, şeýle-de, Türkmenistanyň Türkiýeden türkmen raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgünini girizmegi soran mahalyna gabat geldi.


Türkmen häkimiýetleriniň bu tagallalaryndan öň, has takygy soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkiýedäki türkmenistanlylaryň arasynda aktiwizm işjeňleşdi. Bu ýurtdaky türkmenistanlylar türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatyna nägilelik bildirip, ençeme gezek protest çäresini geçirdiler.


Türkiýe, türkmen raýatlarynyň okuw we zähmet migrasiýasy, şeýle-de söwda etmek üçin iň köp saýlaýan ýurtlaryndan biri hasaplanýar. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň 1-nji sentýabrda çap eden sanlaryna görä, ýurtda 230 müňe golaý türkmenistanly kanun esasda ýaşaýar. Ýöne çeşmelerimiz Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň bu görkezijiden birnäçe esse ýokarydygyny çaklaýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus