Мы в Telegram
Добавить новость

Росгвардейцы примут участие в обеспечении общественного правопорядка при проведении последнего звонка в школах Пензы

Сбер "оживил" некоторые картины на выставке "Васнецовы. Связь поколений"

Петербург попал в топ-3 регионов России по качеству жизни

В Кремле сообщили о желании РФ выстраивать добрые отношения со странами Африки

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Itler, pişikler, kepderiler. Janly-jandarlar türkmen häkimiýetleriniň göz astynda galýar

Itler, pişikler, kepderiler. Janly-jandarlar türkmen häkimiýetleriniň göz astynda galýar

Paýtagtyň görki türkmen häkimiýetleriniň üns merkezinde galýar. Ýurduň ýolbaşçylarynyň Aşgabady abadanlaşdyrmak talaplary bilen bir hatarda şäher häkimiýetleriniň bu ugurdan edýän işleriniň çäginde köçelerdäki jandarlary ýok etmek tagallalary hem güýçlenýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary jemagat gulluklarynyň göz astyna ösümliklerden we it-pişiklerden başga indi kepderileriň hem goşulandygyny habar berýärler.

1-nji sentýabrda ir bilen şäher merkezindäki howlularda köp ýaşaýjylara tanyş döwlet belgili, emma ak reňkli ýük awtoulagy göründi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň aýtmagyna görä, ýerli ilat tarapyndan “ganhor” diýlip atlandyrylýan we haýwanlary tutmak gullugy tarapyndan ulanylýan bu awtoulag indi mämişi reňkden ak reňke boýalypdyr.

"Şäheriň merkezinde haýwanlary tutýan we öldürýän "70-26" belgili mämişi reňkli awtoulagy ak reňke boýapdyrlar we ol reňkini çalyşyp, indi Türkmenbaşy şaýoly bilen Görogly köçesiniň ugrundaky öýleriň arasynda aýlanýar" - diýip, Azatlygyň habarçysy 1-nji awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şol gün şäheriň agzalan böleginde ýokary wezipeli işgärleriň awtoulaglarynyň geçmegine garaşylyp taýýarlyk görlüpdir. Däp bolşy ýaly, döwlet resmileriniň şähere çykmagynyň öňüsyrasynda haýwanlary tutýan awtoulaglar paýtagt sebitlerine aýlanyp çykýar.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy şäheriň jemagat gulluklarynyň prezidentiň golaýda şähere dikuçardan syýahat etmeginiň öňüsyrasynda iki hepde öň taýýarlyk görendigini we agaçlary suwlamak, käbirlerini çapyp aýyrmak işlerini giňden geçirendigini aýtdy: “Iki hepde öň gije-gündiziň dowamynda prezident Aşgabadyň üstünden dikuçarly aýlanar diýlip,"Parahat" etrapçalarynda agaçlary birden suwaryp başladylar, soňam, kabirlerini çapyp çykdylar".

23-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň töwereginde uçup, gurluşyk meýdançalaryny gözden geçirdi. Döwlet habar gullugy TDH-niň maglumatyna görä, döwlet baştutany şonda paýtagtyň lukmançylyk edaralarynyň ýagdaýyny howadan synlapdyr.

Azatlygyň habarçylary, prezidentiň şol saparyndan bäri Aşgabadyň käbir ýerlerinde indi kepderileriň ýok bolandygyny habar berdiler.

"Hakykatdanam kepderiler ýitip gitdi. Men olary penjireden iýmitlendirýärin. Gargalar we beýleki guşlar bar. 30 we 11-nji etrapçalarda kepderiler entek bar" - diýip, Aşgabadyň merkezi etrapçalarynyň birinde ýaşaýan habarçymyz aýtdy.

Birnäçe günden soň habarçylar kepderileriň ýok edilip başlandygyny anykladylar.

"Dikuçardan soň sürüjisiz uçar goýberilip, ol gaty pes beýiklikden şäheriň hemme ýerine aýlanyp, kepderileriň saklanýan ýerlerini anyklapdyr. Olaryň saklanýan belli bir ýerlerine, şol sanda hatda häkimiýetde işleýänleriň kepderi saklaýan ýerlerine adam ugradylyp, guşlar ýok edilipdir. Munuň şäheriň hemme ýerinde dowam etjekdigini aýtdylar. Şeýdip, kepderilere-de nobat ýetdi" diýip, habarçymyz 1-nji awgustda gürrüň berdi.

Ondan öň häkimiýetleriň itlere, pişiklere, kebeleklere we çekirtgelere garşy alyp barýan işleri barada ençeme habar berlipdi. Bu aralykda, şäheriň ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlarynda syçanlaryň, alakalaryň we büreleriň bardygyny yzygiderli habar berýärler. Bilermenleriň pikiriçe, arassaçylyk düzgünleriniň bozulmagyndan başga-da, gemrijileriň we mör-möjekleriň köpelmeginiň esasy sebäplerinden biri it-pişikleriň we guşlaryň ýok edilmegi bolup biler.

Soňky aýlarda tutuş ýurt boýunça itleriň we pişikleriň köpçülikleýin öldürilmegi dowam etdi. Haýwanlaryň ýok edilmegi itlere rehimsizligi gadagan edýän kanunyň kabul edilmegine gabat geldi.

Türkmenabatda haýwanlary rehimsiz tutmak we saklamak barada ençeme maglumatyň çap edilmeginen soň, ýerli häkimiýetler itleriň saklanýan ýerzeminleriniň girelgelerindäki demir gözenekleri aýyrdylar we haýwanlary goraýjylar bilen duşuşmagy wada berdiler. Ýerli ýaşaýjylar birnäçe iti halas edip bildiler, galanlarynyň bolsa ýitirim bolandygyny habar berdiler.

Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, ýakynda Türkmenabatda ýerli häkimiýetler jemagat hyzmatlarynyň işgärleri bilen duşuşyklary geçiripdir we olara itleri öldürendikleri üçin käýäpdir. Habarçylaryň sözlerine görä, şondan bäri şäherde zäherlenen haýwanlaryň jesetleri tapylýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Петербург попал в топ-3 регионов России по качеству жизни

Собянин назвал социальные объекты, которые будут открыты в Новой Москв

Росгвардейцы примут участие в обеспечении общественного правопорядка при проведении последнего звонка в школах Пензы

Сбер "оживил" некоторые картины на выставке "Васнецовы. Связь поколений"

Музыкальные новости

Концерт «Битва Клавиров: Бах vs Моцарт»

Один из лучших джазовых вечеров в Петербурге и Москве -  «Jazz под Небом»

Кадыров встретился с Путиным в Москве и пригласил его в Чечню

Путин назвал президента Раиси надежным партнером России

Новости России

Общественную территорию в Зарайске улучшат в следующем году

В Кремле сообщили о желании РФ выстраивать добрые отношения со странами Африки

Собянин назвал социальные объекты, которые будут открыты в Новой Москв

Россияне встретят начало лета на морских курортах

Экология в России и мире

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

Более 500 человек посетили «Ночь музеев» в Ставропольской краевой психиатрической больнице №1

Пациенты больницы принял участие в фестивале

Дорожные ирригаторы Revyline RL 660 New Black скоро появятся в представительстве бренда в Улан-Удэ

Спорт в России и мире

Потапова не смогла пробиться во второй круг турнира WTA в Страсбурге

Потапова проиграла на старте турнира WTA-500 в Страсбурге

Екатерина Александрова уступила Линетт во втором круге турнира в Страсбурге

Касаткина, Андреева и Кудерметова — в тройке лидеров в борьбе за звание лучшей теннисистки

Moscow.media

Астана остается без российских денег. Россия закручивает Казахстану сразу несколько гаек.

Сотрудник Дубненского отдела вневедомственной охраны Главного управления Росгвардии по Московской области встретился с учащимися МОУ СОШ №1

Новые вызовы и обеспечение технологического суверенитета квалифицированными кадрами обсудили в Москве

Чесменская церковь.Санкт-Петербург











Топ новостей на этот час

Rss.plus






В Кремле сообщили о желании РФ выстраивать добрые отношения со странами Африки

В строящейся школе в ЖК «Резиденции Сколково» Одинцова начали монолитные работы

Сбер "оживил" некоторые картины на выставке "Васнецовы. Связь поколений"

Незаконное здание ликвидируют в районе Нагатино-Садовники