Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Pakistan polisiýasy öňki premýer Hana garşy terrorçylyk aýyplamalaryny bildirdi

Polisiýa Pakistanyň öňki premýer-ministri Imran Hana garşy terrorçylyk aýyplamalaryny bildirdi diýip, häkimiýetler 22-nji awgustda aýtdylar. Bu göçüm ýurtdaky syýasy dartgynlygyň hasam güýçlenjeginden habar berýär.


Terrorçylyk aýyplamalary Hanyň Yslamabatda eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi. Ol bu çykyşynda öz ýakyn kömekçisiniň tussag wagtynda gynalandygyny aýdyp, polisiýa işgärlerini we kazylary suda bermek haýbatyny atdy.


Hanyň oppozisiýadaky “Tehrik-e-Ynsap” partiýasy öňki premýer-ministriň öýüniň daşyny gurşap, polisiýanyň ony tussag etmeginiň öňüni almakçy bolýan goldawçylaryny görkezýän wideony sosial mediada çap etdi. 22-nji awgust güni irden hem ol ýerde ýüzlerçe adam saklanyp galdy.


Hanyň syýasy kömekçisi Şahbaz Gill şu aýyň başynda esgerleri we ofiserleri harby ýolbaşçylaryň "bikanun buýruklaryna" boýun egmezlige çagyrandan soň tussag edildi we dönüklikde aýyplandy. Pakistanyň kanunlarynda dönüklik üçin ölüm jezasy berilýär.


2018-nji ýylda häkimiýete gelen Han aprel aýynda ynamsyzlyk ses berişliginde wezipesinden aýryldy. Oppozisiýa ony ýokary galan inflýasiýa we ykdysady kynçylyklar arasynda nädogry ykdysady dolandyryşda aýyplady.


Han 21-nji awgustda hökümeti syýasy ýygnanyşykda eden çykyşynyň halka göni baryp ýetmezligi üçin YouTube elýeterliligini wagtlaýyn petiklemekde aýyplady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus