Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazagystanyň Baş prokuraturasy ýanwar wakalarynda ölenleriň sanawyny çap etdi

Gazagystanyň Baş prokuraturasy 16-njy awgustda ýanwar wakalarynda ýogalan adamlaryň sanawyny çap etdi. Bu sanaw ganly protestlerden ýedi aý soň çap edildi. Wepat bolanlaryň sanawynda 238 adamyň familiýasy görkezilýär, emma olaryň atlary aýdylman, adyň baş harpy goýulýar.


Baş prokuraturanyň sanawynda ölenleriň nähili ýagdaýda heläk bolandygy hem görkezilmeýär.


Olaryň haýsysynyň terrorçylyga garşy geçirilen operasiýa diýilýän wagtynda, howpsuzlyk güýçleriniň agzalary tarapyndan atylyp öldürilendigi belli däl.


Şeýle-de, Baş prokuratura tarapyndan çap edilen sanawda kimleriň tötänden, atyşygyň ýa-da ýörite enjamlaryň bikanun ulanylmagynyň pidasy bolandygy görkezilmeýär.


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň döreden gaznasy biraz öň derňew netijesinde tötänlikde öldürilen diýip ykrar edilen 19 adamyň maşgalasyna kompensasiýa tölenendigini habar berdi.


Şeýle-de, sanawdaky 238 adamyň haýsylarynyň tussag edilenden soň, gynamalar sebäpli ölendigi görkezilmeýär.


Baş prokuraturanyň wekili iýun aýynyň aýagynda deslapky tussaghanadaky gynamalar sebäpli alty adamyň ölendigini aýtdy.


Sanawda ýogalanlaryň ýaşlary, jynsy hem anyklaşdyrylmaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus