Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Donald Tramp kazynyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdi

ABŞ-nyň öňki prezidenti, maliýe galplygynda aýyplanaýan Donald Tramp, öz goragyna görkezme bermek üçin, Nýu-Ýorkda kazyýete bardy.


Kazyýetiň pikiriçe, Trampyň kompaniýalary, uly karz serişdelerini almak üçin, emläkleriň - myhmanhanalaryň, golf klublarynyň we beýleki gozgalmaýan emläkleriň hakyky bahasyna ep-esli ýokarlandyrypdyr we salgytlardan gaçmak üçin, olardan gelýän girdejileri azaldyp görkezipdir.


Tramp kazyýetde diňe hakykaty aýtmak üçin kasam etdi, ýöne ABŞ-nyň konstitusiýasynyň özüňe we ýakyn maşgala agzalaryňa garşy şaýatlyk etmezlige mümkinçilik berýän bäşinji düzedişinden peýdalanyp, köp soraga jogap bermekden ýüz öwürdi.


Tramp özüne garşy gozgalan işiň syýasy sebäplidigini aýtdy. Ol özüniň Respublikan partiýa degişlidigini, bu işe seredýän kazy Letitsia Jeýmsiň bolsa Demokratik partiýa degişlidigini aýtdy.


Ol öz kompaniýalarynyň maliýe emelleriniň derňelmegini galp maglumat öndürýän metbugat tarapyndan goldanýan arwah awy diýip atlandyrdy.


Tramp birinji gün FDB-nyň Floridadaky Mar-a-Lago mülkünde gözleg, barlag işlerini geçirendigini aýdypdy. 


CNN Trampyň öýi dökülen wagtynda mülkünde bolmandygyny we FDB-nyň işgärleriniň elinde öý dökmek barada berlen orderiň bolandygyny habar berdi.


“The New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň Milli arhiwi 15 guty resminamanyň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Trampa ençeme gezek ýüzlendi we ahyrynda, olaryň ýok edilmek howpy sebäpli, FDB-a ýüz tutdy.


"Jenap Tramp prezidentlik döwründe hökümet arhiwlerinde saklanmaly resmi kagyzlary ýok etmek bilen tanaldy” diýip, gazet belleýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus