Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

FDB Donald Trampyň Floridadaky öýüni dökdi

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp FDB-nyň Floridadaky Mar-a-Lago mülkünde gözleg, barlag işlerini geçirendigini aýtdy. Federal Derňew Býurosy bu habar boýunça entek resmi düşündiriş bermedi. Amerikan metbugaty, öz çeşmelerine salgylanyp, gözlegiň gulluk resminamalary, şol sanda öňki prezidentiň Ak tamy terk edende özi bilen alyp giden gizlin resminamalary sebäpli geçirilendigini ýazýar.


"Biziň halkymyz üçin hakykatdanam garaňky döwür geldi, häzir meniň Palm Biçdäki (Florida ştaty) Mar-a-Lago mülkümdäki owadan jaýym FDB işgärleri tarapyndan gabalyp alyndy, olar ol ýerde barlag geçirýärler” diýip, Trampyň öz egindeşleriniň twitter hasabynda çap eden beýanatynda aýdylýar.


Adalat departamenti hem öňki prezidentiň öýüniň dökülendigi barada düşündiriş bermekden ýüz öwürdi, Trampyň sözlerine görä bu işe “FDB-nyň agentleriniň uly topary gatnaşdy” diýip, “Amerikanyň sesi” habar berýär.


CNN Trampyň öýi dökülen wagtynda mülkünde bolmandygyny we FDB-nyň işgärleriniň elinde öý dökmek barada berlen orderiň bolandygyny habar berdi.


“The New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň Milli arhiwi 15 guty resminamanyň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Trampa ençeme gezek ýüzlendi we ahyrynda, olaryň ýok edilmek howpy sebäpli, FDB-a ýüz tutdy.


"Jenap Tramp prezidentlik döwründe hökümet arhiwlerinde saklanmaly resmi kagyzlary ýok etmek bilen tanaldy” diýip, gazet belleýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus