Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen migrantlary Stambul aerportunda uçar talap etdiler

Türkmen migrantlary 2-nji awgustda Stambulyň howa menzilindäki kassa hüjüm etdiler diýip, düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.


200-e golaý adam “Türkmenistan howa ýollarynyň” işgärleriniň bir orna iki bilet satmagyna gahar-gazap bildirdiler diýip, habarda aýdylýar.


Sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgysyndan görnüşine görä, uçar menziline toplanan adamlar türkmen häkimiýetleriniň yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeltmegini talap edip, “Uçar, uçar” diýip gygyrdylar.


Türkmen Helsinki gaznasynyň maglumatyna görä, 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullgynyň agzynda 350-den 500-e çenli adam nobata durdy. Olaryň ählisi konsullykda kabul edilmegini isleýär, bu ýagdaý soňky birnäçe häpdäniň dowamynda yzygiderli gaýtalanýar diýip, habarda bellenýär.


Aýdylmagyna görä, yssy howada nobata duran adamlaryň käbiri çydaman, konsulyň çykmagyny talap etdi, käbirleri näletli sözleri ulandy.


Ahyrynda biri binanyň penjire aýnasyny döwdi, gan döküldi (kimiňkidigini anyklamak başartmady), konsullyk işgärleri polisiýa jaň etdiler we iň gaty gaharlanan tussag edildi” diýip, habarda aýdylýar.


Türkiýede we beýleki ýurtlarda galan müňlerçe türkmenistanly ýurda dolanmak meselesinde uly kynçylyk çekýärler, emma resmi Aşgabat bu mesele boýunça hiç bir resmi  düşüniriş bermeýär. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus