Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda uzakly gün agyz suwy bolmady, ýene-de

Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň aşa gyzmagy bilen, paýtagt Aşgabadyň ençeme ýaşaýyş sebitiniň agyz suw üpjünçiliginde ýene-de bökdençlikler ýüze çykdy.


“Şu gün, ýagny 18-nji iýulda ir sagat sekizden bäri Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda düýbünden suw ýok. Häzir eýýäm sagat 17 töweregi bolsa-da, entegem suw berilmedi” diýip, Aşgabadyň ‘Parahat’ etrapçasynyň ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.


Paýtagtda suwuň, öňünden hiç hili duýduryş berilmezden, kesilendigini Aşgabatdaky ýene bir habarçymyz tassyklady.


Ol Aşgabadyň suwy kesilen sebitlerine aýlanyp görendigini, ýöne hiç ýerde suw daşaýjy awtoulagyň göze ilmändigini we adatça bolşy ýaly suwuň getirilmegine garaşyp duran adamlaryň hem ýokdugyny belledi.




Türkmenistana bu tomus aşa yssy howanyň aralaşmagy bilen, ýurduň dürli künjeklerinde yzygiderli suw we elektrik üpjünçiligi bilen baglylykda nogsanlyklar ýüze çykýar.


Türkmen paýtagtynyň ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiligi tomsuň başyndan bäri hasam gowşady. Ýaşaýyş jaýlarynda suw gijelerine ýygy-ýygydan kesilýär, gündizlerine gelýän suwuň basyşy köplenç gowşak, suwuň hili bolsa pes bolýar.


Geçen aý türkmen hökümeti suw üpjünçiligi meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Döwlet metbugatyna görä, prezident Amyderýanyň we Garagum kanalynyň ugurlaryny gözden geçirmegi, şeýle hem suwy süýjediji zawodlaryň gurluşygyna we Hazar deňzinden Aşgabat şäherine suw getirmek mümkinçiligine garamagy tabşyrdy.


Emma muňa garamazdan, howanyň temperaturasynyň kölegede 40 gradusdan hem geçýän tomsuň bu günlerinde, paýtagt bilen birlikde, ýurduň dürli künjeklerinden suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklaryň dowam edýändigi barada maglumatlar gowuşýar.




Halkara guramalary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň has agyrdygyna, emma şonuň bilen birlikde suwuň aşa sarp edilýändigine ünsi çekýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krisiz derejesine ýetendigini mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde halkara guramasynyň hasabatynda yssy howaly Türkmenistanyň ilatynyň agyz suwunyň ýetmezçiliginden kösenýändigi bellenýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus