Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda VPN ýene-de işlemeýär

Türkmenistanda birnäçe günden bäri VPN hyzmatlary tas ýok diýen ýaly. Bloklamalardan aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýän bu hyzmatlar, hökümetiň maglumat azatlygyny berk çäklendirýän wagtynda ilatyň habar almagy üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup galýar. Mundan başga-da, ýurtda öň VPN-siz açylan saýtlar hem petiklenipdir.


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji iýulda paýtagtdaky VPN-leriň uly bökdençlikler bilen işleýändigini habar berdi: “Olar bütin gije işlemedi, irden 10-da birikmegi başardyk. Soňra 20-40 minutlap arakesme boldy. Mundan iki gün öň işlän saýtlaryň köpüsi indi petiklendi ".


VPN hyzmatlarynyň hemmesiniň diýen ýaly bes edilendigi baradaky habarlar hepdäniň ortalarynda gelip başlady. Habarçylaryň sözlerine görä, çarşenbe gününden başlap, Açyk VPN we başga-da birnäçe tehnologiýalar işlemegini bes edipdir.




Habarçy ozal açyk girip bolan saýtlaryň indi petiklenendigini belleýär: "Mysal üçin, Russiýanyň ähli habar saýtlary. InoSMI, RIA Nowosti, RBK, TASS, habar berýän telekompaniýalaryň saýtlary işlemeýär. Olar erkin elýeterli bolan soňky daşary ýurt habar serişdeleridi. Hem olaryň saýtlary, hem-de mobil görnüşleri elýeterli däl. Azerbaýjanyň saýlatlary, şol sanda "Trend" [agentligi] açylmaýar. Beýleki täzelikleriň öňem ýapyk bolanlygy göz öňünde tutulanda, bu näme bolsa-da, ähli maglumat akymyny ýapýar. Gazagystandan we Gyrgyzystandan täzelikler has öň petiklendi" diýip, habarçymyz aýdýar.


Sosial ulgamlar, garaşsyz habar serişdeleriň web sahypalary we “Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy” media korporasiýasynyň websaýtlary Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri petiklenýär.


"Rus habarlary VPN-siz açylýan iň soňkularydy, indi hemmesi petikli. Şu gün irden rus saýtlaryny, şeýle hem "Trend"-i barladym" - diýip, habarçy 15-nji iýulda aýtdy.


Habarçylaryň sözlerine görä, programmalary we aýdym-sazlary ýüklemek üçin “App Store” funksiýalary hem petiklenipdir, ol ýerden hiç zady ýükläp bolmaýar. “Apple”, “Microsoft Store” goşundylary elýeterli däl, Windows programmalaryny hem täzeläp bolmaýar.


"Daşary ýurt banklarynyň hemmesiniň diýen ýaly web sahypalary petikli. Töleg ulgamlary-da şeýle" - diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, internetiň petiklenmegi häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň funksiýalaryny peýdasyz edýär: "Iň gymmat smartfon awtomatiki usulda diňe bir telefona, jaň edýän gurala öwrülýär."


Bu aralykda, “Turkmen.news” Türkmenistanda CDN (paýlaýyş tor infrastrukturasy) hyzmatlarynyň, DDoS hüjümlerinden goragy we DNS serwerlerini üpjün edýän Amerikan “Cloudflare” kompaniýasynyň hyzmatlarynyň elýeterliliginiň petiklenendigini habar berdi.




"Ondan öň, ýurtda IP adresleriniň böleklerini/ 16 derejesine çenli bloklap başladylar. Bu bolsa, işelýän bir VPN-den ýüzlerçe müň adresiň öçürilendigini aňladýar" diýip, neşir "Cloudflare" hyzmatlarynyň kömegi bilen, petiklere garamazdan, Türkmenistanda köp saýtyň işländigi we şeýlelik bilen türkmen internetiniň 70% -iniň işländigini belleýär.


“Turkmen.news” “Cloudflare” statistikasyna salgylanyp, geçen hepde (7-nji iýuldan bäri) Türkmenistandan internet traffiginiň tas nola deň bolandygyny, diňe ýekşenbe-duşenbe we sişenbe-çarşenbe günleri belli bir hereketiň bolandygyny habar berdi.


Türkmenistan dünýäde iň haýal we iň gymmat internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Ýurduň hökümeti ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliliginiň öňüni alýar, internete gözegçiligi güýçlendirýär we VPN hyzmatlaryny ulanyjylary hem-de guraýjylary yzarlaýar.


Türkmenistan her ýyl halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we internet azatlygy görkezijilerinde iň soňky setirleri eýeläp gelýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus