Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Şri-Lankanyň prezidenti 13-nji iýulda işden çekiler

Şri-Lankanyň prezidenti Gotabaýa Rajapaksa 13-nji iýulda işinden çekiler. Ol bu karara altynjy gün müňlerçe demonstrant Kolombo şäherindäki rezidensiýasyny eýeläninden soň geldi.


Prezidentiň işden çekiljekdigi altynjy gün agşam ýurduň mejlisiniň başlygynyň eden wideo beýanatynda yglan edildi.


Onuň sözlerine görä, mejlisiň we esasy partiýalaryň ýolbaşçylarynyň demonstrantlar prezidentiň ýaşaýan ýerini eýeläninden soň geçirilen ýygnagynda prezidentiň wezipesinden çekilmegini talap etmek kararyna gelindi.


Biraz öň howpsuz ýere ewakuasiýa edilendigi habar berlen Rajapaksa, parlament spikeriniň tassyklamagyna görä, bu teklibi kabul etdi.


Prezident 13-nji iýulda işden çekiler, sebäbi häkimiýetiň başga birine geçirilmegi üçin taýýarlyk zerur diýip, habarda aýdylýar. Emma häkimiýetiň kime geçiriljekdigi aýdylmaýar.


Syýasatçylaryň adatdan daşary maslahatyny çagyran premýer-ministr Ranil Wikramasinghiň hem wezipesinden çekilmäge razy bolandygy aýdylýar. Demonstrantlar altynjy gün agşamy onuň Kolombo şäherindäki öýüne kürsäp urup, onuň jaýyna ot berdiler.


Prezidentiň özi soňky wakalar barada hiç bir düşündiriş bermedi. Sosial ulgamlarda basylyp alnan ýaşaýyş jaýynda düşürilen suratlar we wideolar peýda boldy, demonstrantlar kaşaň binanyň içindäki howuzda suwa düşýärler.


Protestlere on müňlerçe adam, şol sanda şähere beýleki sebitlerden gelenler hem gatnaşýar. Häkimiýetler "France-Presse" habar gullugyna olaryň bir toparynyň şähere "getirilendigini" aýtdy.


Göz ýaşardyjy gazdan ejir çeken 14 demonstrant altyn gün merkezi keselhana getirildi.


Şri-Lankadaky protestler ýylyň başyndan bäri dowam edýär, mundan öňki hökümetiň başlygy, prezidentiň uly dogany bireýýäm işinden çekildi. Ýurduň ykdysadyýeti ýakyndaky taryhynda iň uly krizisi başdan geçirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus