Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystanda ymam aýallaryň açyk geýinmegini 'aýal eti' diýip atlandyrdy. Aktiwistler prokuratura arz etdi

Gyrgyzystanyň ruhanysy etiň bahasynyň ýokarlanmagyny gyrgyz aýallarynyň geýýän gysga köýnekleri bilen baglanyşdyrdy. Sadybakas Doolow gyzlaryň tenini örtmeýän eşik geýmegi sebäpli, "aýalyň eti" indi bazardaky etden arzan diýip düşündirdi.




Dawa-jenjel döreden bu beýanaty Gyrgyzystanyň tanymal dini wagyzçysy, Gyrgyzystanyň Ulema geňeşiniň öňki agzasy we Yslam uniwersitetiniň öňki rektory Sadybakas Doolow mälim etdi. 


“Haçan et gymmatlaýar, bilýärsiňizmi? Haçan-da, siziň ýaşaýan sebitiňizde aýalyň bedeni arzanlap başlanynda. Bedenini görkezip başlanda, aýallaryň eti arzanlaýar, olaryň uýlugy eliň başam barmagy ýaly açyk bolýar. Şeýle etse-de olara: "Utanmak gerek! Sen nähili utançsyz, teniňi ýap! Sen kimiň gyzy?" diýilmeýär. Aýal etiniň bahasy arzanlady. Aýalyň etiniň arzanlamagy sebäpli bazarda goýunyň bahasy ýokarlandy" diýip, Doolow aýdýar. 


Ol beýanat wideoda ýerleşdirilenden soň, sosial media ulanyjylarynda gahar-gazap döretdi. Şeýle-de bolsa, ol tankytlara garamazdan, beýannamanyň awtory ötünç soramady. Sadybakas Doolow özüni nädogry bir zat aýtdym diýip hasaplamaýar. 


"Hakykat gözüňize dürtülýär. Hakykatdan gaty göresi zat ýok. Siz etiň bahasynyň ýokarlanmagyndan alada edýärsiňiz, emma ejeleriňiziň, gyzlaryňyzyň we aýallaryňyzyň açyk eşikde gezmegi sizi abraýdan gaçyrmaýar" diýip, Sadybakas Doolow aýdýar. 


Bu dini wagyzçyny aktiwist Azat Amanow goldaýar. Ol Doolow dogry zady aýdýar diýip hasaplaýar hem bar gürrüňiň ymamyň şol meseläni goýşunda diýýär. 


"Hakykatdan-da, wideony tutuşlygyna görseňiz, ol köp sanly faktorlary göz öňünde tutýar: aýallaryň mertebesi, olaryň bedenine aralaşmak, jelepçilik, gazanç etmek maksady bilen edilýän jynsy söwda bar” diýip, Amanow aýdýar. 


Aktiwist Umaý Arykowa aýal-gyzlara nähili geýinmelidigini görkezmek adam hukuklarynyň bozulmagydygyny aýtdy. Aýratyn-da, Gyrgyzystanyň häkimiýetleri aýal-gyzlara garşy zorlukly wakalaryň fonunda, gyrgyz aýal-gyzlarynyň käbir hukuklaryny çäklendirmegi teklip eden wagtynda, bu şeýle diýip hasaplaýar. 


"Doolowyň kanalynda 190 müň abunaçy bar. Biz aýal-gyzlaryň hukuklary ýaly esasy gymmatlyklara garşy nähili uly hüjümiň edilýändigine düşünip bileris. Başga adamlaryň muňa nähili düşünjekdigini bilemzok, belki, käbir adamlar muny herekete gollanma hökmünde kabul edip, aýallara hüjüm edip başlar. Ýagny, aýallara [garşy] maksatly agressiw propaganda bar" diýip, aktiwist zenan aýdýar. 


Umaý Arykowa we onuň tarapdarlary Sadybakas Doolowyň üstünden, Baş prokuratura we Milli howpsuzlyk komitetine arz etdiler. Wagyzçynyň gödek beýanaty Musulmanlaryň ruhany dolandyryş edarasy tarapyndan-da barlanýar.


Çeşme: "Nastoýaşeýe Wremýa"




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus