Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Angliýanyň premýeri Boris Jonsonyň işden çekilmäge razy bolandygy aýdylýar

BBC we beýleki habar beriş serişdeleri Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň 7-nji iýul güni giçlik işden çekilýändigi barada jemgyýetçilik üçin beýanat etmegine garaşylýandygyny habar berdi.


Onuň wezipesinden çekilmeginiň bada-bat güýje girjekdigi ýa-da belli bir wagt aljakdygy entek belli däl.


B.Jonson ýaňy-ýakynda, 6-njy iýulda hem höçjetlik edip, wezipesinden çekilmejekdigini aýtdy.


Bu göçüm Ministrler kabinetiniň bir topar agzasynyň işden çekilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Olaryň köpüsi Jonsona ýüze çykan goh-galmagallar, şol sanda Konserwatiw partiýanyň deputaty bilen bagly gykylyk sebäpli gaharlandy. Ol deputat soň hususy klubda bir erkege süýkenmekde aýyplanyp, işinden çekildi.


Kanun çykaryjynyň üstünden Jonson tarapyndan wezipä bellenmezinden öň hem jynsy süýkenmeler babatynda şikaýat edilendigi bilenden soň, premýer-ministr ötünç soramaga mejbur boldy.


Jonson biraz öň öz resmi hökümet rezidensiýasynda we iş jaýynda COVID-19 petiklemeleri bilen bagly berk düzgünleri bozup, ynam bildirmezlik ses berişliginden aman galypdy. Şonda oňa polisiýa jerime töletmek bilen çäklenildi.


Jonson birnäçe ýyllap dowam eden çekeleşiklerden soň, Angliýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagyny kadalaşdyrmak wadasy bilen, 2019-njy ýylyň dekabrynda häkimiýet başyna geldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus