ABŞ Hytaýyň Taýwanyň golaýyndaky ‘durnuksyzlaşdyryjy’ harby hereketlerini tankytlady
Austin 11-nji iýunda Singapurda geçirilen howpsuzlyk sammitiniň dowamynda eden çykyşynda Pekiniň Aziýa-Pasifik yklymyndaky agressiýasynyň hem artýandygyny belledi.
Hytaý şu ýyl ençeme gezek Taýwanyň howa hüjüminden goranyş zonasynyň çägine girdi.
Mundan öň, 10-njy iýunda Hytaýyň goranmak ministri Wei Fenghe eger-de ada özüniň garaşsyzlygyny yglan etse, onda Hytaýyň urşa başlamaga taýýardygyny aýtdy.
Taýwan ýyllarboýy Hytaýyň özüniň howa hüjüminden goranyş giňişligine girýändigi barada şikaýat edip gelýär.