Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkiýe Türkmenistandan ýene bir çarter uçuşyny gurnaýar

“Türk Howaýollary” 17-nji iýunda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul aralygynda ýene bir çarter uçuşyny gurnaýar diýip, “Trend” neşiri “Türkmenportal” neşirine salgylanyp habar berýär.


9-njy iýunda çap edilen habara görä, mundan ozal “Türk Howaýollary” kompaniýasy Türkmenistandan Türkiýä her 15 günden bir ýörite uçuş gurnan bolsa, indi hepdede bir gezek çarter uçuşlaryny amala aşyrar.


Habarda aýdylmagyna görä, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul aralygynda mundan öňki çarter uçuşy şu ýylyň 10-njy iýunynda gurnaldy.


Mundan ozal Türkmenistandan Türkiýä çarter uçuşlarynyň şu ýylyň 11-nji maýynda, 1-nji maýynda we 22-nji aprelinde gurnalandygy hem habar berlipdi.


Habarda Türkmenistanyň öz raýatlaryny ýurda getirmek üçin Türkiýe, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Gazagystan we ÝB ýurtlary ýaly ýerleden aýda birnäçe gezek çarter uçuşlaryny gurnaýandygy hem bellenilýär.


2020-nji ýylyň mart aýynda pandemiýa sebäpli girizilen syýahat çäklendirmeleri netijesinde Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlaryny bes etdi. Synçylar Türkmenistan, beýleki ýurtlarda yzygiderli uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigine garamazdan, daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna dolamaga howlukmaýar diýýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus