Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistan ýyl başyndan bäri 124,000 tonnadan gowrak un satyn aldy. Esasy üpjünçi - Gazagystan

Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Özbegistan un importyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22 müň tonna artdyryp, 124,8 müň tonna çenli ýokarlandyrdy.


Merkezi Aziýa respublikasy dört aýyň dowamynda un satyn almak üçin 38,5 million dollar sarp etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy habar berýär.


Gazagystan 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Özbegistana 122,8 müň tonna bugdaý ununy eksport edip, iň esasy üpjünçi boldy.


Ýöne Gazagystan 15-nji aprelde bugdaý we un eksportyna çäklendirme girizmeli boldy.


"Bu çäre içerki bazardaky ýetmezçilikleriň we un öndürýän kärhanalarda döräp biljek dartgynlygyň öňüni almak üçin zerur" diýip, Gazagystanyň oba hojalyk ministriniň birinji orunbasary Aýdarbek Saparow aýtdy.


Özbegistan aprel-iýul aýlarynda Gazagystandan 100,000 tonna üçünji derejeli bugdaýy (bölekleýin un görnüşinde), ýerlikli bahadan import etmekçidi.


“Gazeta.uz” neşiri Özbegistanyň birinji çärýekde Gazagystandan bugdaý, un, ýag, margarin, et we arpa importyny hem ep-esli ýokarlandyrandygyny habar berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus