Мы в Telegram
Добавить новость

Токаев поздравил Путина со вступлением в должность президента России

Захарова: Запад хочет вымарать РФ из числа победителей во Второй мировой войне

«Шаг к углублению интеграции»: в Кремле прошло заседание саммита ЕАЭС

У богатых людей всегда есть эта цифра в дате рождения, но деньги к ним придут только после 40 лет

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

COVID-19: Türkmenistan çäklendirmeleri ýatyrýar

Öz çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmedik ýeke-täk ada bolmadyk döwleti Türkmenistan COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli girizen çäklendirmelerini kem-kemden aýyrýar we bu sapar daşary ýurtdan gelýänler üçin üç hepdelik karantini ýatyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de adaty halkara howa gatnawy henizem dikeldilmedi.

Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýasy daşary ýurtdan gaýdyp gelenler üçin hökmany karantin talaplaryny ýatyrýar diýip, garaşsyz neşir “Turkmen.news” habar berýär we resmi karara laýyklykda ýurda barýanlaryň öýünde ýedi gün izolýasiýa edilmelidigini, işewür syýahatçylaryň izolýasiýasynyň möhletiniň bolsa, üç günlükdigini belleýär.

Neşiriň habaryna görä, karar dünýädäki durnukly epidemiologiki ýagdaý göz öňünde tutulyp, 25-nji maýda kabul edilipdir. “Turkmen.news” öz web sahypasynda çap eden kararyň tekstinde käbir gapma-garşylyklaryň göze ilýändigini belleýär. Hususan-da, hökmany karantiniň ýatyrylýandygy aýdylýan dokumentde maý-iýun aýlarynda türkmen serhedinden geçmäge rugsat beriljek adamlardan 14 günläp ýörite sanitariýa zolaklarynda bolmalydygy aýdylýar.

“Turkmen.news” tarapyndan neşir edilen resminamanyň tekstinde 30-njy maýda Stambuldan Türkmenbaşy şäherine ýörite uçuşyň planlaşdyrylýandygy aýdylýar. Türkmen howa ýollarynyň "Boeing 777" uçary dürli sebäplere görä Türkiýede galan Türkmenistanyň 250 raýatyny we olaryň çagalaryny alyp barar we olar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän zonada karantin geçmeli bolar diýlip, maglumatda aýdylýar, emma karantiniň dowamlylygy kesgitlenmeýär.

Mundan başga-da, resminama laýyklykda, 2-nji we 3-nji iýunda türkmen howaýollarynyň "Boeing-737-800" uçarynyň iki sany ýörite uçuşynda Belarusdan 220 adamyň Minskden Türkmenabat şäherine gelmegine garaşylýar. Iki tapgyrda geljek raýatlar Lebap welaýatynyň häkimligine degişli Ýol ulag müdirliginiň karantin zolagynda 14 günlük izolýasiýa geçerler. Mundan başga-da, 6-njy iýunda Eýranda galan 72 türkmen raýatynyň serhetden geçmegine rugsat beriljekdigi habar berildi. Sarahs barlag nokadynyň üsti bilen öz watanyna gaýdyp geljek adamlar 14 günlük karantinde bolarlar. Bu barada Turkmen.news neşiriniň 28-nji maýda çap eden maglumatynda aýdylýar.

Maý aýynyň başynda, türkmen hökümeti koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek üçin ýene bir karary yglan etdi. Hususan-da, 1-nji iýundan iki halkara ugry boýunça uçuşlary dowam etdirmek we maska režimini bölekleýin ýatyrmak planlary barada habar berildi.

6-njy maýda çap edilen resmi beýanatda 1-nji iýundan başlap maska dakynmagyň ýapyk ýerler we ulaglar bilen çäklenjegi, maskalary açyk meýdanda geýmegiň talap edilmejegi aýdyldy. Şeýle-de, şonda Birleşen Arap Emirliklerine we Germaniýanyň Frankfurt şäherine halkara gatnawlaryň pandemiýadan ozalky tertipde hepdede bir gezek amala aşyryljakdygy habar berildi. Munuň bilen birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň tomus möwsümindäki iş tertibine 15-nji maýdan başlamak teklip edildi.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maska talabyny ýeňilletmek kararynyň ilat tarapyndan ýeňillik hökmünde kabul edilendigini habar berdiler.

"Adamlar düýn bir-birini 1-nji iýundan maskalaryň ýatyrylmagy bilen gutladylar. Köp ýerlerde, mysal üçin myhmanhanalarda bu maglumatlar boýunça ýygnak geçirdiler. Şol bir wagtyň özünde-de köpçülik ýerlerinde maskalaryň dakylmagy boljagy aýdýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy 30-njy maýda habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, ol köpçüligiň täze düzgünleriň kesgitsiz görünýändigini aýdyp, polisiýanyň ilata jerime salmagyny dowam etdirmeginden howatyrlanýandygyny belledi.

Iki ýyllap Türkmenistanda ilatdan maska dakynmak berk talap edilýärdi. Polisiýa maska dakynmak talabyny sähelçe bozanlary tapmak üçin köçelerde, ulaglarda, edaralarda we okuw jaýlarynda yzygiderli reýd geçirýärdi. Maskalary “nädogry” dakynmakda tutulanlar saklanýardy, jerimä sezewar bolýardy we pagta hem şugundyr ýygnamak ýaly mejbury işlere çekilýärdi.

Türkmenistanyň hökümeti çäklendirmeleri gowşatmak kararyna COVID-19 pandemiýasy sebäpli dünýädäki ýagdaýyň gowşamagy barada Bütindünýä saglyk guramasynyň we habar serişdeleriniň maglumatlaryny ünsli öwrenenden soň gelendigini aýtdy.

Türkmenistanda käbir koronawirus çäklendirmeleriniň gowşadylmagy Awazada tomus möwsüminiň başlanmagyna gabat geldi. Soňky günlerde döwlet kärhanalarynyň işgärlerine milli dynç alyş zolagynyň işiniň täzeden başlandygy habar berildi. Hususan-da, Lebap welaýatynda býujet işgärleri Awazada dynç almaga mejbur edilýär. Azatlygyň gündogar sebitdäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, işgärler işini ýitirmek gorkusy sebäpli dynç alyş üçin töleg etmäge mejbur bolýarlar. Syýahat üçin pullary ýoklaryň köpüsi, uly bolmadyk mukdarda para berip, dynç alyş üçin töleg etmek mejburlygyndan halas bolýarlar.

Koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistan üç gezek ençeme aýlyp doly gulplama girizip, söwda, hyzmat we güýmenje kärhanalarynyň işini togtatdy. 2020-nji ýylyň ýazyndan bäri halkara howa gatnawy doly togtadyldy, içerki gatnawlar çäklendirildi, demir ýol gatnawy esli wagtlap amala aşyrylmady we ýurduň içinde awtoulagly syýahat etmek çäklendirildi. Ilatdan welaýatlaryň arasynda gatnamak üçin ençeme resminama we sebäp talap edildi. Ýurduň içindäki hereket çäklendirmeleri henizem bar. Türkmenistanyň hökümeti henizem ýurtda COVID-19 hadysasynyň ýokdugyny öňe sürýär. Ýurduň saglygy saklaýyş pudagyndaky anonim çeşmeler bolsa, Türkmenistanda koronawirusdan 25 000 çemesi adamyň ölendigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

День Победы в войне над фашистской Германией отмечается 9 мая

Владимир Путин провел встречу с президентом Узбекистана в Москве

Чтобы не переплачивать: россиянам рассказали, когда им реально выгодно брать ж/д билеты на высокий летний сезон

Минкульт не допустил до проката фильм с Ургантом в главной роли

Музыкальные новости

Состоялась премьера песни Гульдарии Юсуповой

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов

Туристку из Казани выгнали из бутика Gucci в Турции

Ирина Струнова стала Терапевтом года

Новости России

Центральный парк в Пушкино стал третьим по посещаемости в Московской области

Минкульт не допустил до проката фильм с Ургантом в главной роли

Несколько автомобилей столкнулись в Можайском районе

Захарова: Запад хочет вымарать РФ из числа победителей во Второй мировой войне

Экология в России и мире

Одна из целей неофашистского Азербайджана - уничтожение Христианства

7 мая - День борьбы с бронхиальной астмой

В России за год открылось рекордное количество универмагов

Ozon и Wildberries впервые вошли в мировой рейтинг маркетплейсов

Спорт в России и мире

После победы в Мадриде Рублев поднялся с 8-го на 6-е место в рейтинге ATP

Паула Бадос и Стефанос Циципас расстались | Виды спорта

Греческий теннисист Стефанос Циципас поблагодарил мать за советское воспитание

WTA огорчила Елену Рыбакину после турнира в Мадриде

Moscow.media

Беспроводной сканер штрих-кодов Heroje S-H29W

Комфорт в каждой детали: игровые кресла GC-780 и GC-840 от Bloody

Шествие "Бессмертный полк "- подлинное народное единение

Россияне рассказали, как планируют отпуск и где проводят длинные выходные











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Архитектурное бюро «Цимайло Ляшенко и Партнеры» и ГК «РОССА РАКЕННЕ СПб» реализуют совместный проект

В Петропавловске-Камчатском борются с пожаром в порту площадью 5 тыс. кв. метров

Захарова: Запад хочет вымарать РФ из числа победителей во Второй мировой войне

Холодная и дождливая погода ждёт тамбовчан 9 мая