Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew keselhana geçirildi

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti, 27-nji koloniýada saklanýan Almazbek Atambaýew Milli kardiologiýa merkezine geçirildi diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy onuň aklawçysy Zamir Žooşewe salgylanyp habar berdi.


Ol Birinji Maý etrap kazyýetiniň 25-nji aprelde Atambaýewiň özüniň lukmançylyk barlagyndan geçirilmegi baradaky haýyşyny kanagatlandyrandygyny ýatlatdy.


"Şondan bäri takmynan bir aý geçdi we şu gün ol Milli kardiologiýa merkezine geçirildi" diýip, aklawçy aýtdy.


Öňki prezidentiň ogly Kadyr Atambaýew Azatlygyň Gyrgyz gullugyna beren düşündirişinde "kakamyň elleri we aýaklary gupýar, hatda onuň ýerinden turmagynda-da kynçylyk bar" diýdi.


“Onuň oňurgasyna zeper ýetipdir, ýüreginde, gyzylödeginde näsazlyk bar. Bu diagnozlar hususy klinika tarapyndan däl, 47-nji düzediş koloniýasynyň lukmançylyk bölümi tarapyndan goýuldy. Olar onuň kazyýet seljermelerine gatnaşmagyň saglygy üçin gowy däldigini boýun aldylar” diýip, Kadyr Atambaýew aýtdy.


Jezalary ýerine ýetirmek gullugynyň aýtmagyna görä, Almazbek Atambaýewiň ýagdaýy kanagatlanarly, ol kazyýetiň karary esasynda saglyk barlagyndan geçirildi. Bejerginiň näçe wagt dowam etjekdigi entek belli däl.


Ol Koý-Taş wakalary boýunça jenaýat etmekde aýyplanýar, bu wakada ýörite güýçleriň işgäri öldi we 200-den gowrak adam ýaralandy. Mundan başga, Atambaýew 2020-nji ýylyň iýun aýynda, jenaýat başlygy Aziz Batukaýewiň bikanun boşadylmagy sebäpli, 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi.


Bulardan başga, Almazbek Atambaýewe garşy ýene birnäçe jenaýat işi gozgaldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus