22-nji maýda Tähranda Eýranyň yslamcy rewolýusiýa gorag korpusynyň saýlama bölüminiň polkownigi öz öýüniň gapdalynda atylyp öldürildi.
Ýöriteleşdirilen "Al-Kuds" güýçleriniň serkerdeleriniň biri bolan Saýýad Hodaýi, Azatlyk radiosynyň Eýran gullugynyň resmi habara salgylanyp beren maglumatyna görä, iki sany motosiklli hüjümçi tarapyndan atylyp öldürildi.
Kast ediş hüjümi şäheriň gündogarynda bolup geçdi, Hodaýiniň bäş gezek tüpeölenendigi habar berildi.
Bolan wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan tapylmady. Goragçylar korpusy bu wakany "terrorçylyk hereketi" diýip atlandyrdy we bu ganhorlykda "global ulumsylyk bilen baglanyşykly adamlary" günäkärledi.
Resmi habarlarda bu kesgitleme adatça ABŞ we onuň ýaranlaryny babatynda ulanylýar.
Rewolýusiýa goragçylary gullugyna ýakyn bir žurnalistiň aýtmagyna görä, kast ediş hüjüminiň arkasynda Ysraýylyň duran bolmagy mümkin.
"Roýters" habar gullugy Ysraýylyň premýer-ministrliginiň Mossadyň aňtaw gullugynyň işine gözegçilik edýän bölüminiň bu waka barada düşündiriş bermekden saklandygyny habar berdi.