Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli güni bellener

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri geljek annada Aşgabatda Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň bellenilip, sadakasynyň beriljekdigini habar berýär.


TDH-nyň we hökümetçi neşiriň habarlaryna görä, BAE-niň prezidenti, Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy sebäpli, bu ýurduň ýolbaşçylaryna gynanç bildirmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Abu-Dabi şäherine gulluk iş saparyna baryp, hatyra çärelerine gatnaşdy.


TDH onuň BAE-niň merhum prezidentiniň Türkmenistanda bitiren ägirt uly haýyr-sahawatlylyk işleri giňden tanalýandygyny aýratyn belländigini hem habar berýär.


G.Berdimuhamedow BAE-niň täze saýlanan prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşanda merhumyň haýyr-sahawatlyk we ynsanperwerlik işleriniň tutuş yslam dünýäsinde yz goýandygyny belledi; onuň Aşgabat şäherindäki metjidiň, «Döwletliler köşgüniň», «Ene mähri» merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň gurulmagynda, «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, Marydaky Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda, mundan başga «Döwletliler köşgüne» haýyr-sahawat goldawlarynyň berilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny nygtady.


Söhbetdeşligiň dowamynda G. Berdimuhamedow Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýana ýüzlenip, razylyk berlen ýagdaýynda, geljek annada Aşgabatda merhumyň belli gününi bellemekçidigini aýtdy diýip, habarda bellenýär.


BAE-niň prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýan 13-nji maýda aradan çykdy.


Ol 2004-nji ýylyň 3-nji noýabrynda BAE-niň prezidenti we Abu-Dabiniň dolandyryjysy wezipesine saýlanypdy. 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus