Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aradaky gatnawlary ýeňilleşdirýär

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň arasynda raýatlaryň bu ýurtlarda galmagynyň tertibini ýönekeýleşdirmek baradaky şertnamasyny tassyklady diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berdi.


Resminama laýyklykda, Russiýa Federasiýasyna girýän özbek raýatlary we Özbegistanyň çägine girýän ruslar giriş senesinden başlap, 15 günüň dowamynda hasaba alynmak borjundan boşadylýar (mundan öň olar 7 günüň içinde hasaba alynmalydy).


Özbegistanyň we Russiýanyň hökümetleri bu meseledäki ylalaşyga 2021-nji ýylda gol çekdi.


Şeýle-de, 16-njy maýdan başlap, Gyrgyzystanyň raýatlary üçin Russiýa girmek boýunça girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylandygy habar berilýär.


Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, epidemiologiki ýagdaýyň durnuklaşmagyny göz öňünde tutmak bilen, Russiýa Federasiýasynyň hökümeti degişli karary kabul etdi.


Rus raýatlarynyň Gyrgyzystana barmagy baradaky çäklendirmeler hem ýatyrylýar.


Russiýa Federasiýasynyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň aýtmagyna görä, “Gyrgyzystanlylar gury ýer barlag nokatlary arkaly Russiýa girip biler, rus raýatlary bolsa Gyrgyzystana, şol sanda rus-gazak serhedinden hem girip biler".


Mundan ozal gyrgyz raýatlarynyň Russiýanyň çägine girmegine diňe howa arkaly rugsat berilýärdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus