Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Alyýew Moskwanyň Ýerewana Gazagystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň üstünden ýarag iberendigini aýdýar

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 29-njy aprelde Bakuwdaky ADA uniwersitetinde (Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy) gurnalan halkara konferensiýasynda çykyş edip, 2020-njy ýylda Dagly-Garabagda bolan harby çäreler wagtynda Russiýanyň Ermenistana Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden ýarag iberendigini aýtdy. Emma ol hiç bir jikme-jiklik getirmedi.


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu maglumaty Türkiýäniň “Anadolu” habar gullugyna salgylanyp çap etdi.


Alyýewiň sözlerine görä, Ermenistan Russiýany Kollektiw goranyş şertnamasy guramasy arkaly urşa çekmäge çalyşdy, emma bu başa barmady, ýöne Russiýa Ermenistana Mozdokdan we Rostowdan yzygiderli ýarag iberdi diýip, habarda bellenýär.


Şeýle-de, Azerbaýjanyň Gürjüstana Russiýanyň ýarag iberýän howa we gury ýer ýollaryny baglamak haýyşy bilen ýüz tutandygy, Tbilisiniň Bakuwyň haýyşyny kanagatlandyrandygy aýdylýar. Emma Bakuwyň bu meselede, rus ýaraglary üçin howa ýollaryny ýapmak barada Gazagystandan, Eýrandan we Türkmenistandan eden haýyşlary jogapsyz galýar we, Alyýewiň anyklaşdyrmazdan tassyklamagyna görä, bu ýurtlaryň üstünden iberilýän harby ýükler dowam etdirilýär.


Habarda Azerbaýjanyň 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Siriýadan gaýdyp gelýän rus harby uçarynyň öz howa çäginden geçmegine rugsat bermändigi, netijede ol uçaryň bitarap Türkmenistanyň üstünden geçendigi aýdylýar.


“Türkmenistanyň Hronikasy” Türkmenistanyň bitaraplyk durumynyň bardygyny we munuň Aşgabadyň beýleki döwletleriň harby hereketlerine goşulmazlyk ýörelgesini aňladýandygyny belleýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habar bilen baglylykda häzire çenli hiç bir beýanat çap etmedi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus