Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Nazarbaýew uzak wagtdan soň ilkinji gezek köpçülige çykyp, öz muzeýindäki sergä bardy

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew paýtagtda özüne bagyşlanan we adyny göterýän muzeýdäki sergä baryp gördi.


Nazarbaýewiň resmi web sahypasy "ýolbasynyň" "Gazagystanym meniň topragym" atly döredijilik festiwalynyň çäginde ilkinji prezidentiň muzeýinde 19-njy aprelde guralan çagalaryň suratlarynyň we senetleriniň sergisine baryp görendigini habar berdi. 


Habarda "Nursultan Nazarbaýew ýaş suratkeşler bilen söhbetdeş boldy we muzeýiň tematiki zallarynyň täze eksponatlary bilen tanyşdy" diýilýär we bu habarda Nazarbaýewiň ýylgyryp duran suratary ýerleşdirilýär.   


Bu, Nazarbaýewiň ýylyň başyndan bäri köpçülik ýerinde ilkinji gezek peýda bolmagydyr.


Ýanwar aýynda bolup geçen wakalarda, gatnaşyjylaryň gahar-gazabynyň Nazarbaýewiň syýasy mirasyna we giňden ýaýran korrupsiýa garşy gönükdirilip,  hökümete garşy protestleri gan döküşlige öwrülende, Nazarbaýew köpçüligiň öňünde açyk beýanat bilen çykyş etmedi.


81 ýaşly Nazarbaew uzak wagtlyk ýarany Kasym-Žomart Tokaýewi mirasdüşer edip, 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden çekildi. Ýöne ol Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirip, ýurduň lideri ýaly çäksiz ygtyýarlyklardan peýdalandy. Bu aralykda, garyndaşlarynyň köpüsi hökümetde, howpsuzlyk edaralarynda we girdejili energiýa toparlarynda möhüm wezipeleri eýeledi.


Protestlerden birnäçe gün soň, Nazarbaýewiň iki giýewisi Kaýrat Şaripbaýew we Dimaş Dosanow degişlilikde iki sany uly döwlet kompaniýasy bolan "QazaqGaz" we "KazTransOil" şirketlerindäki işden boşadyldy.


Nazarbaýew maşgalasynyň agzalarynyň işinden aýrylmagy bilen, köpler öňki prezidentiň we häzirki döwlet baştutanynyň töweregindäki adamlaryň arasynda häkimiýet ugrundaky göreşiň alamatlaryny gördüler. Nazarbaýew bilen Tokaýew özara gapma-garşylygyň ýokdugyny aýtdylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus