Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ hemra garşy raketa synaglaryny gadagan edýär

Birleşen Ştatlar, bir taraplaýyn görnüşde, hemra garşy ýaraglary synag etmezlige borçlandy we beýleki ýurtlary hem özüne goşulmaga çagyrdy. ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris bu moratoriýany ýurduň harby-howa güýçleriniň Kaliforniýadaky Wandenberg bazasynda eden çykyşynda yglan etdi.


“Men Birleşen Ştatlaryň hemra garşy ýykgynçylykly raketa synaglaryny geçirmezlik barada şu günden güýje girýän borçnamasyny yglan edýänime şatdyryn. Gysgaça aýdylanda, bu hili synaglar howply we biz olary geçirmeris” diýip, Harris aýtdy.


Birleşen Ştatlar dünýäde öz üstüne şeýle borçnama alan ilkinji ýurt boldy diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.


Wise-prezidentiň sözlerine görä, ABŞ "bu çemeleşmäniň kosmosda jogapkärçilikli bolmagyň täze kadasyna öwrülmegi üçin beýleki ýurtlar bilen hem işleşer".


Russiýanyň Goranmak ministrligi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda 1982-nji ýyldan bäri orbitada ýerleşýän, ýöne hereketsiz kosmos gämisine zarba urmak bilen, şeýle synagyň üstünlikli geçirilendigini yglan etdi.


Waşington munuň Halkara kosmos stansiýasynyň golaýynda kosmos zibilleriniň toplanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.


Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Josep Borrell ÝB-niň Russiýanyň hemra garşy ýarag synaglaryny geçirmegini “aýgytly ýazgarýandygyny” aýtdy.


Şuňa meňzeş synaglar Hytaý we Hindistan tarapyndan hem geçirildi. AP habar gullugynyň maglumatyna görä, ABŞ hemra garşy ýarag synagyny 2008-nji ýylda geçirdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus