Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan paýtagtyndaky mekdepde bolan partlamalarda azyndan alty adam öldi

19-njy aprelde Kabulyň şaýy, Hazara etrabynda bir oglanlar mekdebini sarsdyran üç partlamada azyndan alty adam ölüp, 11 adam ýaralandy diýip, owgan paýtagtynyň polisiýasy aýtdy.


Partlamalar paýtagtyň günbatar etrapçasynda, Daşt-e-Barçiniň golaýynda ýerleşýän Abdul Rahim Şahid mekdebinde boldy diýip, Kabul polisiýasynyň metbugat wekili Halid Zadran Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Pidalaryň arasynda çagalar hem bar, ýöne olaryň sanynyň näçedigi bada-bat belli bolmady. Howpsuzlyk gullugynyň işgäri nemes habar gullugy bilen söhbetdeşlikde bu partlamalara el granatlarynyň sebäp bolandygyny aýtdy.


Partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Daşt-e-Barçiniň Hazara etraby mundan öň söweşiji “Yslam döwleti” topary tarapyndan nyşana alnypdy.


“Talybanyň” Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili derňewçiler toparynyň wakanyň bolan ýerinde işe başlandygyny aýtdy.


Şaýat bolan adamyň sözlerine görä, partlamalar okuwçylaryň ertirki sapaklaryndan çykyp barýan wagtynda boldy.


Geçen ýylyň maýynda owgan paýtagtynyň şu sebitindäki mekdebiň golaýynda bolan partlamalarda azyndan 85 adam öldi, onlarça adam bolsa ýaralandy. Olaryň köpüsi okuwçy gyzlardy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus