Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Proektň" derňewi: Putin syýahat edende onuň ýanynda lukmanlar topary, onkolog hirurg bile bolýar

"Proekt" neşiri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň saglygy bilen baglanyşykly bolup geçýän wakalary beýan edýän derňewi ýaýratdy.


Žurnalistler prezidentiň Russiýanyň içinde eden resmi saparlary wagtynda myhmanhanalarda lukmanlary ýerleşdirmek baradaky ýüzlerçe döwlet şertnamasyny öwrendiler we prezidentiň saglygyna yzygiderli gözegçilik edýän spesialistleriň sanawyny düzdüler. Olaryň arasynda onkolog bar.


Putiniň saglygy baradaky maglumatlar Orsýetde gizlinlikde saklanýar. Derňeýji žurnalistleriň pikiriçe, Kremlde "ömrüniň gülläp ösýän wagtyndaky işjeň adamyň keşbini" gurmak üçin, prezidentiň ýagdaýy barada halka asla erbet zat aýtmazlyk karara gelden bolmaly.




Materialda aýdylmagyna görä, Putin prezidentlik wezipesiniň başynda saglyk gözegçiliginden seýrek geçip, bedeniniň ýagdaýyna kän bir ähmiýet bermändir. Şol ýyllarda atçylyk sportuny halaýan Putiniň atdan ýykylmagy çynlakaý bir mesele bolupdyr. Prezidentiň tanyşlaryndan biriniň "Proekte" aýtmagyna görä, ýykylanlardan soň prezident birnäçe wagtlap "aýak üstünde durup bilmändir", soň bolsa uzak wagtlap bejergi alypdyr.


Birnäçe ýyl bäri Putin Moskwanyň Kuntsewo raýonynyň merkezi kliniki hassahanasyna ýygy-ýygydan baryp başlady diýip, "Proektiň" çeşmeleriniň birine görä, ol ýerde "şahsy lukmanlar bölümi" tarapyndan gözegçilik edilýär. Şol lukmanlar Putin bilen bilelikde syýahat edýärler we rezidensiýasyna uçýarlar.


"Proýektiň" žurnalistleri 2016-2017-nji ýyllarda saparlaryň dowamynda prezidente ortaça bäş lukman gözegçilik etdi diýen netijä geldiler, ýöne käwagt lukmanlaryň sany "ep-esli" köpelipdir. Şeýlelik bilen, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Putin bäş günüň dowamynda köpçülige çykmady we bu döwürde dessine 12 sany lukman Soçidäki "Rus" atly şypahanasyna ýerleşdi.


Derňewiň awtorlarynyň bellemegine görä, 2019-njy ýylda syýahatlaryň dowamynda ortaça dokuz lukman Putine ýoldaş bolupdyr. Olaryň arasynda köplenç otolaringolog lukmanlar Alekseý Şeglow we Igor Esakow, şeýle-de onkologiýa we tiroid problemalary boýunça işleýän hirurg Ýewgeniý Seliwanow bar. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus