Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Zelenski Türkiýede geçiriljek gepleşikleriň öňünden 'toprak eglişigini' etmejekdigini aýtdy

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şu hepde Russiýa bilen Türkiýede geçiriljek gepleşiklerden ozal öz ýurdunyň territorial bitewiligi meselesinde eglişik etmejekdigini aýtdy.


 Gepleşiklerde Ukrainanyň ileri tutýan ugurlary "özygtyýarlylyk we territorial bitewilik" bolar diýip,  Zelenskiý 27-nji mart agşamy öz halkyna eden ýüzlenmesinde aýtdy.


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 27-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen söhbetdeşlikde Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky gepleşiklere Ankaranyň beýemçilik etmegine razylyk berdi we atyşygy bes etmäge, ynsanperwer koridorlary üçin has gowy şert döretmäge çagyrdy diýip, prezident edarasy aýtdy.


Britaniýanyň harby aňtaw gullugynyň 28-nji martda beren habaryna görä, Ukrainadaky rus güýçleriniň ýerleşişinde soňky 24 sagadyň dowamynda uly bir üýtgeşiklik görünmedi. Emma muňa garamazdan, strategiki porty ele geçirmek tagallalarynyň çäginde, Russiýa  günortada, Mariupolyň töwereginde has köp ýer alana meňzedi diýip, habarda aýdylýar.


Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň başlygy Kirilo Budanow Russiýany Ukrainany Demirgazyk we Günorta Koreýa ýaly iki bölege bölmek synanyşygynda aýyplady.


Luhanskdaky separatist lideri 27-nji martda bu sebitiň Russiýa goşulmak barada referendum geçirmeginiň ähtimaldygyny aýtdy. 


Zelenski öz hökümetiniň bitaraplygy yglan etmek we Russiýa howpsuzlyk kepilligini hödürlemek barada oýlanjakdygyny aýdyp, ozalky beýanatlaryny gaýtalady.


Bu Ukrainanyň ýadro ýaragsyz bolup galmagyny hem öz içine alar diýip, ukrain prezidenti aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus