Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Merkezi häkimiýet Mariupolyň ýaşaýjylary üçin onlarça awtobus iberer

Ukrainanyň merkezi hökümeti günortadaky port şäherinde basybalyjy rus goşunlarynyň alyp barýan gyrgynçylygyndan gaçmaga çalyşýan bosgunlar üçin Mariupola onlarça awtobus ibermegi meýilleşdirýär.


Wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk 21-nji martda şähere 50-ä golaý awtobusyň gelmelidigini aýtdy.


Ol 20-nji martda Mariupoldan 225 km uzaklykda ýerleşýän Zaporižýa şäherine 3985 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy. Umuman aýdanyňda, ol 20-nji martda ukrain şäherlerinden açylan gumanitar koridorlar arkaly 7,295 adamyň ewakuasiýa edilendigini, meýilleşdirilen ýedi çykalganyň dördüsiniň işleýändigini aýtdy.


Daşy gabalan Mariupoldan takmynan 350,000 adamyň çykyp bilmän galandygy aýdylýar.


Russiýa Mariupoly 2014-nji ýylda ele salan Krym sebiti bilen aralykda geçelge gurmak üçin basyp almaga çalyşýar. Bu şäher Russiýa Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçiligindäki ýerler bilen baglanyşyk gurmak üçin möhüm bolup durýar.


Şäher häkimliginiň resmileri, ilatyň suw, azyk we ýangyç ýaly esasy zerurlyklardan kesilmegi bilen, gazaply söweş barýan Mariupolda gumanitar betbagtçylygyň emele gelendigini habar berýärler.


Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Moskwa 21-nji martda “gumanitar koridorlary” iki sagatlap açmaga razy boldy.


BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň maglumatlaryna görä, Ukrainada uruş başlany bäri asuda ilatdan azyndan 902 adam öldi, 1,459 adam ýaralandy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus