Bolgariýanyň 10 rus diplomatyny ýurtdan çykarmagynyň yzýany Baltiýa döwletleri Estoniýa, Latwiýa we Litwa hem bu tejribä çaltlyk bilen goşulýar.
Bolgariýanyň Daşary işler ministrligi 18-nji martda beren beýanatynda 10 diplomatyň gitmegine 72 sagat wagt berendigini we olaryň diplomatik statusyna laýyk gelmeýän hereketleri edýändiklerini aýtdy.
Beýanatda diplomatlaryň çykarylmagynyň jikme-jik sebäpleri görkezilmeýär. Bu ýagdaý şu aýyň başynda Sofiýanyň iki rus diplomatyny içalyçylykda aýyplap ýurtdan çykarmagyndan soň ýüze çydy.
Russiýanyň Bolgariýadaky ilçihanasy diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagyny "duşmançylykly" hereket diýip atlandyrdy we Moskwanyň şoňa jogap berjekdigini aýtdy.
NATO agza ýurt bolan Bolgariýa Russiýanyň Ukraina hüjümini ýazgardy.
Latwiýa we Estoniýa 18-nji martda hersi üç sany rus diplomatyny kowýandyklaryny aýtdylar. Litwa bolsa dört rus diplomatynyň gitmelidigini aýtdy. NATO agzalarynyň üçüsi, öz kararlarynyň Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän urşuna degişlidigini aýtdylar.