Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeh, polýak, slowak premýer-ministrleri 15-nji martda Kiýewde Zelenski bilen duşuşar

Çehiýanyň, Polşanyň we Sloweniýanyň premýer-ministrleri, Russiýanyň bu ýurda garşy başlan hüjümini dowam etdirýän wagtynda, Ukraina ikuçsyz goldawlaryny görkezip, 15-nji martda Kiýewe barýarlar.


Çehiýanyň premýer-ministri Petr Fiala twitterde üç lideriň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we premýer-ministr Denis Şmyhal bilen duşuşjakdygyny aýtdy.


"Saparyň maksady Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina we onuň azatlygyna hem-de garaşsyzlygyna şübhesiz goldaw berýändigini aýan etmekden ybarat" diýip, Fiala aýtdy.


"Şol bir wagtyň özünde, biz saparyň dowamynda Ukraina we onuň raýatlaryna giň goldaw toplumyny hödürläris. Bu sapar barada halkara jemgyýetçiligine, halkara guramalaryna, şol sanda BMG-a hem habar berildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Rus güýçleri öten agşam, Ukrainanyň garşysyna başlan esassyz urşuny dowam etdirip, Kiýewiň eteklerindäki ýerleriň birnäçesinde hüjümlerini güýçlendirdi.


Fiala, Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieki we Sloweniýanyň premýer-ministri Janez Jansa Kiýewe otly bilen gidýär diýip, Moraweikiniň kömekçisi Miçal Dwoçyk žurnalistlere aýtdy.


Polýak lideri muny taryhy wezipe diýip atlandyrdy. Ol “taryhyň kebşirleýän ýerinde bolmak"  üç premýer-ministriň borjy diýdi.  "Sebäbi bu biz babatda däl-de, zalymlykdan azat dünýäde ýaşamaga mynasyp çagalarymyzyň geljegi barasyda. Üç lider köp adamy şindem gijelerine ýerasty stansiýalarda bukulmaga mejbur eden bombalamalar astyndaky bir şähere geler” diýip, ol aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus