Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Iki tarap täze gepleşige taýýarlanýar, rus güýçleri Kiýewiň eteklerini we beýleki ukrain şäherlerini nyşana alýar

Ukrain we rus gepleşikçileriniň atyşygy togtatmak üçin ýene bir duşuşyk geçirmäge taýýarlanýan wagtynda, rus güýçleri öten agşam Kiýewiň eteklerine edýän hüjümlerini  we ýurduň günortasyndaky möhüm porty şäherini, Mariupoly ele geçirmek tagallalaryny güýçlendirdiler.


Kiýewiň ýaşaýyş etraplaryna urlan tapgyrlaýyn zarbalar köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ullakan ýangynyň döremegine sebäp boldy.


Azyndan iki adam öldürildi we 27 adam halas edildi diýip, Ukrainanyň gyssagly kömek gullugy Facebookda habar berdi.


Ukrain harbylarynyň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, urşuň iň agyr söweşleriniň biriniň barýan ýeri bolan Irpiniň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş etraplary artilleriýa okuna tutuldy.


Kiýew sebitiniň başlygy Oleksiý Kulebanyň ukrain telewideniýesinde beren habaryna görä, öten agşam we irden Hostomele we Buça hem zarba uruldy.


Rus güýçleri gündogardaky Harkow şäherine urýan artilleriýa zarbalaryny hem gaýtalady diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş ştaby Facebookda aýtdy.


Mariupol häkimiýetleri şähere güýçli howa zarbalarynyň urlandygyny habar berdiler. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrain we rus wekiliýetleriniň arasyndaky gepleşikleriň 15-nji martda dowam etjekdigini aýtdy.


Ol öz wideo ýüzlenmesinde ukrain wekiliýetiniň 14-nji martda geçirilen gepleşikler wagtynda gowy iş edendigini aýtdy, ýöne başga jikme-jiklige geçmedi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus