Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkiýäniň, Russiýanyň we MA döwletleriniň ýolbaşçylary Serdar Berdimuhamedowy ýeňşi bilen gutlady  

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ikinji gün Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow bilen telefonda gepleşip, kiçi Berdimuhamedowy Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi.


TDH-nyň maglumatyna görä, Wladimir Putin “Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi”.


Şeýle-de Putin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine goşan goşandy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň Türkmenistanyň mejlisiniň ýokarky palatasynyň başlygy hökmünde Russiýa-Türkmen strategiki hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmagy dowam etdirjekdigine ynam bildirdi  diýip, Kremliň habarynda bellenýär. 


Türkmenistanyň täze saýlanan prezidentini gutlamak üçin Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri hem telefon etdi. 


Türkmen mediasyndan görnüşine görä, gutlap jaň eden döwlet baştutanlary telefon ilki Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeş bolýarlar, soň ol telefony ogluna geçirýär. 


Merkezi saýlaw toparynyň 15-nji martda çap eden saýlaw netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedow 12-nji martda geçirilen irki saýlawlarda 73%-e golaý ses alyp, prezidentiň wezipesine dalaşgärlik eden 8 bäsdeşinden üstün çykdy.


Abraýly halkara toparlary Türkmenistanda şu wagta çenli azat we adalatly hasaplanan saýlawyň geçirilmändigini aýdýarlar. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus