Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Kreml hüjümleriniň yzysüre Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Russiýada işini togtatdy

4-nji martda ýerli salgyt häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna garşy tölege ukypsyzlyk boýunça iş gozgap, polisiýa žurnalistlere garşy basyşy güýçlendirenden soňra, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Russiýada öz işini togtatdy.


Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Russiýada öz işini togtatmagy rus prezidenti Wladimir Putiniň ukrain urşy babatda Kremliň pozisiýasyndan daşlaşan islendik žurnalisti 15 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edip biljek kanuna gol çekmeginiň yzysüre boldy.


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti we baş direktory Jeými Flaý “Putin režimi tarapyndan hakykata edilýän hüjüm sebäpli” kompaniýa bu karary kabul etmäge “mejbur edildi” diýdi.


“Biziň žurnalistlerimize birnäçe ýyl bäri atylýan haýbatlardan, gorkuzmalardan we azar bermelerden soň, rus raýatlarynyň Ukrainadaky bikanun uruş barada hakykaty bilmeginiň öňüni almaga jan edýän Kreml, indi, biziň halal žurnalistlerimizi rus döwletiniň dönükleri hökmünde tagmalaýar” diýip, Flaý 5-nji martda beren beýanatynda aýtdy.


5-nji martda iri halkara teleradio kompaniýalary, şol sanda BBC News, CNN, Bloomberg News, Kanadanyň milli teleradio kompaniýasy bolan CBC, Germaniýanyň ARD we ZDF teleradio kompaniýalary Russiýada öz işlerini togtatmak boýunça birmeňzeş karar kabul etdiler.


Rus häkimiýetleri iri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine basyşy güýçlendirip, olara, rus çozuşy barada berýän habarlary zerarly, şol sanda Russiýanyň äpet harby güýjüne garamazdan, ukrain güýçleriniň berýan agyr gaýtawuly ýaly habarlar üçin haýbat atýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus