Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rus hüjümleri ikinji hepdesine girýär, şäherlere edilýän bomba hüjümleri güýçlenýär

Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşunyň ikinji hepdesine girmegi bilen, BMG agzalarynyň Moskwanyň hereketlerini "gynançly" diýip ýazgarmagynyň we Russiýanyň yza çekilmegini talap etmeginiň yzysüre, öten gaşam ukrain paýtagtyna we beýleki şäherlere edilýän bomba hüjümleriniň has ýygjamlaşandygy, garaňky asmany uly partlamalaryň ýagtyldýandygy habar berildi.


Rus harbylarynyň Ukrainanyň esasy şäherlerine edýän hüjümlerini güýçlendirýändigini görkezýän alamatlar bar we şu aralykda rus goşunlarynyň giň gerimli konflikt başlanaly bäri Ukrainanyň ilkinji uly şäheriniň merkezine baryp ýetendigi habar berildi.


Gara deňiz boýundaky Herson şäheriniň häkimi Ihor Kolyhaýew 2-nji mart güni giçlik rus goşunlarynyň 300 000 töweregi ilatly şäheriň köçelerinde bolup, ýerli geňeş binasyna girendigini, Ukrainanyň ikinji uly şäher merkeziniň, gündogardaky Harkowyň agyr bombalanandygyny habar berdi.


Ukrain resmileri 3-nji martda Belarusyň günortasyndaky Brest sebitinde rus wekilleri bilen atyşygy togtatmak baradaky gepleşiklere ugradylar.


Ukrainanyň prezidenti Zelenski, Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropa döwletini basyp almak üçin geçirilen iň uly harby operasiýany togtatmak baradaky manyly gepleşiklere başlamazdan ozal, rus güýçleriniň Ukrainanyň şäherlerini bombalamagy bes etmelidigini aýtdy.


39 ýurduň Ukrainadaky wakalary derňemek barada eden haýyşlaryndan soň, Hagadaky Halkara jenaýat kazyýetiniň baş prokurory öz toparynyň uruş jenaýatlary we beýleki wagşyçylyklar baradaky aýyplamalar boýunça "mümkin boldugyça çalt" subutnama toplap başlandygyny habar berdi.


BMG-niň bosgunlar gullugy 3-nji martda soňky ýedi günüň dowamynda 1 million adamyň Ukrainadan goňşy ýurtlara gaçandygyny aýtdy. 


BMG 2-nji martda Russiýanyň "Ukraina garşy agressiýasyny" berk ýazgarýan karary kabul etdi. Bu karara Baş Assambleýanyň 193 agzasynyň 141-si goldaw berdi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus