Russiýada we dünýäde Moskwanyň Ukraina çozmagyna garşy protestler geçirilýär
Prezident Wolodymyr Zelenski rus prezidenti Wladimir Putiniň çozuş etmek baradaky buýrugyna garşy çykýan russiýalylara sag bolsun aýdyp, olary hüjümi bes etmek üçin seslerini eşitdirmäge çagyrdy.
“Müňlerçe russiýaly esger öldi, ýüzlerçesi hem ýesir alyndy. Olar Ukraina ölmäge ýa-da öldürmäge näme maskat bilen ugradylandygyna düşünmeýärler. Näçe çalt öz ýolbaşçylaryňyza bu urşuň dessine togtadylmalydygyny eşitdirip bilseňiz, şonça-da köp esger aman galar” diýip, Zelenski belledi.
Garaşsyz OWD-info gözegçi toparynyň maglumatyna görä, Russiýada harby çozuşa garşy proteste çykan 3 müň töweregi adam tussag edilipdir.