ÝB liderleri gyssagly sammitde täze sanksiýalar barada ylalaşyga geldi
Jeza çäreleri Russiýanyň maliýe, energiýa we transport pudaklaryny nyşana alýar, eksport we maliýeleşdirme mümkinçiliklerine girizilen çäklendirmeleri artdyrýar.
Şeýle-de, ozal yglan edilen sanksiýalar sanawyna has köp rus raýatynyň ady goşulýar.
27 ýurtdan ybarat bileleşigiň ýolbaşçylary bu sanksiýalar baradaky ylalaşyga 24-nji fewralda, Brýusselde geçirilen gyssagly sammitde geldiler.
Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň sammitde ylalaşylan beýannamada nygtalmagyna görä, Russiýa garşy girizilen täze sanksiýalar tapgyrynyň Moskwanyň goňşy ýurda goşun sürmek bilen eden hereketine gaýtawul bermekde “uly we agyr netijeleri” bolar.
ÝB Bileleşigiň çägindäki rus emläklerini doňdurmak we Russiýanyň banklarynyň Ýewropanyň maliýe bazarlaryna elýeterliligini kesmek maksadyny yzarlaýar.
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrel bu sanksiýalar toplumyny Bileleşigiň häzire çenli ulanylan gadaganlyklaryň iň güýçlüsi hökmünde häsiýetlendirdi.
Belgiýanyň premýer-ministri Aleksandr De Kro bu sanksiýalaryň "Russiýanyň ykdysadyýetine düýpli zarba urjakdygyny" aýtdy.
ÝB sanksiýalary güýje girmezinden ozal kanuny taýdan tassyklanmaly we çap edilmeli.