Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Günbatar Putiniň hereketlerini ýazgarýar, täze sanksiýalar toplumyny taýýarlaýar

Günbatar ýurtlary we beýlekiler Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Kreml tarapyndan goldanýan separatistleriň Ukrainada eýelän sebitleriniň garaşsyzlyk talaplaryny ykrar etmek kararyny ýazgardylar, ABŞ we onuň ýaranlary Moskwa garşy täze sanksiýalar toplumyny girizmek wadasyny berdiler.


ABŞ resmileri 21-nji fewral güni giçlik Waşingtonyň ýaranlary bilen maslahatlaşýandygyny we 22-nji fewralda Moskwa garşy täze sanksiýalary yglan etjekdigini aýtdy.


Putin separatistleriň garaşsyzlyk jarnamalaryny ykrar edip, rus goşunlarynyň bu sebitlere girmegini buýranyndan soň, doly möçberindäki uruş gorkulary astynda, dünýäniň birža bazarlary peseldi we nebitiň bahasy ýokarlandy.


ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 21-nji fewralda giçlik twit ýazyp, Putiniň kararynyň "çalt we berk jogap berilmegini” talap edýändigini aýtdy we “biz hyzmatdaşlar bilen utgaşdyryp, degişli çäreleri göreris" diýdi.


ABŞ-nyň Birleşen Millletler guramasyndaky ilçisi Linda Tomas-Grinfild BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň žurnalistlere "halkara hukugyny we Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini aç-açan bozandygy üçin, ertir ABŞ Russiýa garşy sanksiýalar toplumyny girizer" diýdi.


Emma muňa garamazdan, ABŞ adminstrasiýasynyň resmileri Putiniň bu hereketiniň Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň Ukraina basylyp alnan ýagdaýynda Moskwa garşy girizjek giň gerimli sanksiýalar toplumyna sebäp bolmaýandygyny, çünki rus goşunlarynyň bölüniji sebitde eýýäm bardygyny aýtdylar.


Fransiýanyň, Germaniýanyň, Angliýanyň, Awstraliýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary Putiniň hereketlerini ýazgarmak meselsinde ABŞ-a goşuldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus