Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Adidas" pişigi depen futbolçy bilen şertnamasyny ýatyrdy

Sport eşiklerini öndüriji “Adidas” Fransiýanyň ýygyndy toparyna girýän hem-de Londonyň “West Ham United” komandasynyň goragçysy Kurt Zumanyň öz pişigini depýändigi baradaky wideosy internetde ýaýradylandan soň, şertnamasyny ýatyrdy. Iňlis topary oňa 250 000 funt sterling jerime saldy.


Futbolçynyň kiçi dogany tarapyndan ýazga alnan ol wideo geçen hepdede internete ýaýrady. Wideoýazgyda 27 ýaşly Zumanyň ol jandary ýere zyňýandygy we çaganyň gözüniň alnynda ony depýändigi görkezilýär. Wideony surata düşürýän Zumanyň dogany bu ýagdaýa gülýär. Ol hem futbolçy bolup, bir kiçi ligada oýnaýar. The Sun tabloidinde aýdylyşyna görä, mundan öňinçä ol pişik gymmat bahaly wazany döwüpdir.


Zumanyň topary bir bolan waka çalt jogap gaýtarýandygy üçin, ony tankytladylar. Ol wideoýazgy internet torunda ýaýrandan soň, “West Ham” ony esasy toparyň oýnundan çykdy. Toparyň baş tälimçisi Deýwid Moýes "öz gören zadyna gaty lapykeç" bolandygyny aýtdy, ýöne Zumany oýuna goşmak baradaky kararyny esaslandyryp, onuň "agşamky işiniň “West Hamyň” ýeňiş gazanmagyny üpjün etmek üçin, bir ýol tapmakdygyny" aýtdy.


“West Ham” topary Zuma 250 000 funt (iki hepdelik aýlygy) jerime saldy. Ol puly haýwanlaryň hukuklaryny goramak üçin haýyr-sahawat gaznalaryna ibermek meýilleşdirilýär. Birnäçe esasy hemaýatkärler klub bilen hyzmatdaşlygyny togtadýandyklaryny habar berdiler.


Internetde Zumanyň jogapkärçilige çekilmegini talap edýän 300 000 töweregi adamdan gol ýygnaldy. Bolan ýagdaý baradaky derňewi ýerli polisiýa bölümi alyp barýar. Pişik derňewe garaşylýan wagtda, ol maşgaladan aýryldy we Haýwanlara rehimsizligiň öňüni almak baradaky Korollyk jemgyýetine tabşyryldy. Londonyň ýaşaýjysy Zumanyň hormatyna dakylan pişigiň Kurt adyny üýtgedip, oňa Barta dakdy.


Sportçy hem onuň dogany özlerini alyp baryşlary üçin ötünç soradylar. 27 ýaşly futbolçy: "Özümi alyp barşymy aklamaga mende hiç bir bahana ýok, muňa ýürekden utanýaryn" diýdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus