Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Kiýew separatistleriň bir günde onlarça top okuny atandygyny aýdýar

Ukrain häkimiýetleri 20-nji fewralda, bazar güni ýurduň gündogaryndaky separatistleriň atan onlarça top okuny hasaba aldy.


Kiýewde berlen habara görä, azyndan 53 hüjüm edildi we olaryň hemmesi diýen ýaly Minsk ylalaşyklarynda gadagan edilen ýaraglary ulanmak bilen amala aşyryldy. Top atylmagy netijesinde bir harby gullukçy ortaça agyrlykda ýaralanyp, keselhana ýerleşdirildi.


Ukrainanyň birleşen güýçleriniň Donbasdaky baş edarasy, beýleki jikme-jiklikler arasynda, Luhansk sebitindäki "Bagt" barlag nokadynyň golaýynda ýerleşýän köpriniň hem topa tutulandygyny habar berdi.


Şol ýerde ýaraşyk meselelerine gözegçilik edýän utgaşdyryş merkeziň ukrain wekilleriniň bir ýük maşyny hatardan çykaryldy. Gözegçilik edarasynda aýtmaklaryna görä, atyşyk minomýot, granatamýot we iri kalibrli pulemýot ulanmak bilen amala aşyryldy.


Separatistler hem ukrain goşunlaryny ýaraşyk ylalaşyklaryny bozmakda we agyr ýaraglardan ok atmakda aýyplaýarlar.


“Luhansk halk respublikasy” diýilýän sebitdäkileriň sözlerine görä, ukrain goşunlary “Luhansk halk respublikasy” diýilýäniň çägine 50 gezek ok atdy, ilatly nokatlaryň 24 sanysyna ot açyldy.


Şeýle-de separatistler hökümet güýçleriniň agyr artilleriýany, minomýotlary, dürli görnüşli granatamýotlary we ownuk ýaraglary ulanandygyny öňe sürýärler.


Mundan başga, olar ukrain goşunynyň aňtaw geçirmek üçin Türkiýäniň “Baýraktar” pilotsyz uçarlaryny ulanýandygyny öňe sürdüler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus