Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýden: ABŞ Putiniň Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine "ynanýar"

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň öňümizdäki hepde Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine özüniň "ynanýandygyny" aýtdy. Ýöne ol bu babatda diplomatik çözgüde gelnip bilinjekdigine heniz-de umyt baglaýandygyny hem belledi.


"Şu pursatdan başlap, onuň Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine ynanýaryn" diýip, Baýden 18-nji fewralda Ak tamda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy. Bu ýygnak Baýdeniň ýewropaly kärdeşleri bilen geçiren we 45 minut dowam eden konferensiýasynyň yz ýany boldy.


Baýden urşuň öňüni aljak ylalaşygy gazanmak tagallalaryň çäginde, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň 24-nji fewralda Ýewropada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşjakdygyny hem aýtdy.


“Russiýa şol seneden öň harby çäre görse, onda onuň diplomatiýanyň gapysyny ýapandygy aýdyň bolar. Olar urşy saýlan bolarlar we munuň üçin gaty uly baha tölemeli bolarlar" diýip, Baýden aýtdy.


Russiýa Ukrainany basyp almak planlarynyň bardygy baradaky aýdylanlary ret etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus