4-7-nji ýanwarda Şymkentde hökümete garşy guralan protestleriň dowamynda şäheriň meýithanasyna demonstrasiýalar wagtynda ölen 18 adamyň jesedi getirildi.
Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň ýanyndanky milli öňüni alyň geňeşiniň agzasy Şahnoza Hasanowanyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, bu maglumat 17-nji ýanwarda şäher prokuraturasyndan alnypdyr.
“Protest wagtynda ölenleriň jesetleriniň şondan soňam meýithana getirilendigi ýa däldigi belli däl. Maglumatlaryň üýtgän bolmagy mümkin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Geňeş agzalary ýakynda Şymkentdäki protestler sebäpli tussag edilenler barada maglumat almak üçin türmelere baryp gördüler. Hasanowa Milli howpsuzlyk komitetiniň Şymkent şäherindäki bölüminiň deslapky tussaghanasyna baryp gördi. "Ol ýerde protestler bilen baglanyşykly tussag edilen adam ýok eken” diýip, ol aýtdy.
4-nji ýanwarda, Žanaozen şäherindäki protestçilere goldaw üçin guralan ýygnanyşyklar Şymkentde asudalyk bilen başlandy. Emma muňa garamazdan, şaýatlaryň sözlerine görä, howpsuzlyk güýçleri 5-nji ýanwarda parahat demonstrantlara garşy ot açdy.
Şäher saglygy goraýyş bölümi 11-nji ýanwarda 120-den gowrak adamyň dürli şikesler bilen keselhanalara äkidilendigini, olaryň käbiriniň ýogalandygyny habar berdi.
Garaşsyz komissiýanyň agzasy 7-nji fewralda ýanwar wakalary wagtynda ok ýaralaryny alan 73 adamyň keselhanalara getirilendigini habar berdi.