ABŞ Russiýanyň NATO-nyň giňelmegini togtatmak talabyny ret edip, krizisden çykmak 'ýoluny' görkezýär
Waşington 26-njy ýanwarda Russiýanyň howpsuzlyk talaplaryna ýazmaça jogap berdi. ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bolsa, Moskwanyň aladalaryna "prinsipial we pragmatiki" baha bermek bilen bir hatarda, NATO-nyň öz "açyk gapylar" syýasatyny dowam etdirjekdigini we muňa ygrarlydygyny gaýtalady.
Russiýa Amerikanyň NATO bilen utgaşdyryp beren jogabyny seljerjekdigini aýtdy.
Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Blinken 26-njy ýanwar güni giçlik Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi bilen Ukraina barada gürleşip, rus agressiýasynyň ilerlemeginden gelip çykyp biljek global howpsuzlyk we ykdysady töwekgelçiliklere ünsi çekdi.