Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady we sosial kynçylyklaryň arasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň çäginde gurluşygy dowam edýän iki mega-taslamada işleriň barşy bilen tanyşdy. Prezident 18-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine, 19-njy ýanwarda “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumyna sapar etdi. Bu aralykda, Berdimuhamedow bedew atlaryň hal-ýagdaýyndan habar almak üçin Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy we ol ýerde täze dünýä inen taýçanaga Zaman diýip at goýdy. Bular barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.