Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Duşuşyk gutardy, Russiýa-Ukraina krizisinde ilerleme görünmeýär

Ýewropada Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak maksady bilen hepde boýy geçirilen gepleşikleriň üçünji tapgyry, howpsuzlyk meselesindäki çynlakaý krizisden gaça durup, hiç bir tarapyň dartgynly diplomatiýada öz esasy pozisiýalaryndan çekilmezligi esasynda, ahyr netijede petige diräne meňzeýär.


Orsýetiň ukrain serhediniň alkymynda goşun toplamagy we günbataryň bu täze bir çozuşyň başlangyjy bolmasyn diýen aladalarynyň fonunda, diplomatlar Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) 13-nji ýanwarda, Wenada geçirilen mejlisinde bolup geçen wakalaryň ösüşine gowy baha bermediler.


"ÝHHG sebitindäki uruş töwekgelligi howpy häzir soňky 30 ýyldakysyna garanda has ýokary bolup görünýär" diýip, Polşanyň daşary işler ministri Zbigniew Rau öz ýurdunyň 57 agzaly howpsuzlyk guramasynyň bir ýyllyk başlyklygyna başlamagy bilen, öz aladasyny bildirdi.


Moskwa Ýewropada özüne bir topar howpsuzlyk kepilliginiň berilmegini, şol sanda NATO ýaranlygynyň gündogar tarapa giňelmegini togtatmagy talap etdi.


Günbatar resmileriniň aýtmaklaryna görä, Russiýanyň dyzmaç ritorikasy we onuň goşun üýşürmegi ABŞ-a we onuň Ýewropa ýaranlaryna Kremliň isleg sanawyna boýun bolmagy üçin edilýän basyş bolup durýar.


ABŞ-nyň ÝHHG-daky ilçisi Günbataryň “gorkuzylmagyna ýan bermeli däldigini” we “agressiýanyň we haýbat atmagyň sylaglanmagyna hiç haçan ýol bermejekdigini” aýtdy.


Şu aralykda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Günbatar babatdaky "sabyr-takadynyň gutarandygyny" we NATO bilen ABŞ-nyň geçiren diplomatik gepleşiklerden soň, bir hepdäniň içinde howpsuzlyk kepillikleri baradaky talaplaryna ýazmaça jogap berilmegine garaşýandygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus