Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Stoltenberg: Russiýa bilen dialog aňsat däl, ýöne gepleşlik peýdaly boldy

Russiýa bilen üçünji gün geçirilen  gepleşikler aňsat bolmady, ýöne Ukraina barada çynlakaý we göni pikir alyşyldy diýip, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg NATO-Russiýa Geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.


Onuň sözlerine görä, taraplaryň arasynda düýpli düşünişmezlikler bar we olar boýunça umumy çemeleşmeleri tapmak kyn mesele bolup durýar. Şeýle-de bolsa, gepleşiklerde ynjyk meseleler gozgaldy.


Stoltenberg NATO ýaranlarynyň ählisiniň we Russiýanyň wekilleriniň bir stoluň başynda gepleşik geçirmäge ýygnanmagynyň özi hem oňyn yşarat boldy diýdi.


Brýusselde 12-nji ýanwarda geçirilen ýygnak Russiýa-NATO Geňeşiniň 2019-njy ýyldan bäri geçirilen ilkinji ýygnanyşygy boldy.


Bu gepleşiklerde Russiýanyň "howpsuzlyk kepillikleri" baradaky talaplaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirildi.


Moskwa ozaly NATO-nyň gündogara mundan beýläk giňelmeli däldigini aýdýar we öňki sowet respublikalarynyň arasynda ýerleşýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda hem Ukraina bilen Gürjüstanyň bu gurama kabul edilmezligi baradaky talaby öňe sürýär.


Ýens Stoltenberg üçünji gün geçirilen ýygnakdan soň, Demirgazyk atlantik bileleşiginiň giňelmeginiň agressiw ädim bolup durýandygy baradaky tassyklamanyň hakyky ýagdaýa düýpden laýyk gelmeýändigini aýtdy.


"NATO agzalary Russiýa bilen gepleşik geçirmäge taýýar, emma olar Ýewropadaky her bir aýratyn alnan ýurduň özygtyýarlylygy we territorial bitewiligi babatyndaky esasy ýörelgeleri boýunça eglişige gitmezler. NATO ýaranlary şu gün Russiýany ähli güýçlerini Gürjüstandan, Moldowadan we Ukrainadan çykarmaga çagyrdy” diýip, günbatar harby-syýasy bileleşiginiň başlygy Russiýanyň Ukrainany NATO agzalygyna kabul etmek ýa-da kabul etmezlik barada karar bermek hukugynyň ýokdugyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus