Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ermenistan Türkiýe bilen gepleşikleriň diplomatik gatnaşyklarda, serhetleri açmagyna garaşýar

Ermenistan Türkiýe bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we, 14-nji ýanwarda gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça Moskwada başlanjak gepleşikler netijesinde, iki ýurduň arasyndaky serhetleriň açylmagyna garaşýar diýip,  Ermenistanyň Daşary işler ministrligi aýdýar.


Bu iki ýurt arada ençeme ýyllap dowam eden duşmançylykdan soň gatnaşyklary düzetmäge synanyşýar.


Günorta Kawkaz sebitinde has giň sebitara parahatçylyk tagallalarynyň bir bölegi hökmünde geçiriljek gepleşikleriň birinji tapgyry Russiýanyň araçylygynda başlanar.


Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wahan Hunanýanyň aýtmagyna görä, Ermenistan türk hökümeti “gepleşikleri deslapky şert goýmazdan başlamak pikiri bilen” ylalaşýar.


Hunanýan Russiýanyň bu duşuşygyň beýemçisi hökmünde çykyş etjekdigini we gepleşikleriň birinji tapgyrynyň gözleg-agtaryş häsiýetinde boljakdygyny belledi.


"Bir duşuşygyň netijesinde görnetin netijelere ýetip boljagyna garaşmak kyn, ýöne proses başlanar" diýip, ol aýtdy.


Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar taryhy taýdan çylşyrymly bolmagynda galýar, ýöne Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 2020-nji ýylda 30 ýyla golaý etniki ermenileriň gözegçiliginde saklanan Dagly-Garabag üstünde bolan alty hepdelik söweş sebit dinamikasyny üýtgedi. 


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 13-nji ýanwarda Türkiýäniň “Ermenistan bilen aradaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak işine başlandygyny” aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus